Aşgabatda ýene-de B.Şyhmyradowyň Nyýazowa kast etmäge synanyşyk baradaky kitaby görkezildi

15 ýyl geçenden soň Aşgabatda ýene-de “Men we meniň terrorçy ülpetlerim” atly kitap peýda boldy. Onuň awtory Boris Şyhmyraodow diýlip görkezilen.

Şu ýylyň martynda Goranmak ministrliginiň ýanyndaky Harby institutda kitap sergi-ýarmarkasy geçirildi. Sergi studentler we kadetler üçin gurnaldy. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary ol sergide prezident Berdimuhamedowyň kitaplary bilen bir hatarda Türkmenistanyň DIM-niň ozalky başlygy Boris Şyhmyradowyň ady bilen “Men we meniň terrorçy ülpetlerim” atly kitabyň hem üstünden bardylar.

Sergide bu kitap 20 manatdan satyldy.

“Men we meniň terrorçy ülpetlerim” sözbaşysynyň astyndan “Aşgabatda 2002-nji ýylyň 25-nji sanjarynda bolan terakt hakynda hakykat we diňe hakykaty” gürrüň berýändigi görkezilen kitap 2004-nji ýylda Döwlet neşirýat gullugynyň metbugat merkezi tarapyndan çap edildi. Döwlet we býujet edarlarynyň işgärlerini, studentleri ýaş döwletiň kimdigine göz ýetirmekleri üçin bu kitaby satyn almaga borçly etdiler.

Şu aralykda Boris Şyhmyradowyň doglan gününe 70 ýyl boldy. Onuň tussag edilenden soňky ykbaly häli-häzire çenli hem belli bolman galýar.

Ýatladýarys, “AZatlyk” radiosynyň maglumatlaryna görä, maýyň ortasynda metjitleriň birinde okalan juma namazyndan soň ymam adamlary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy söýmäge çagyrdy we alladan onuň duşmanlaryny ýer bilen ýegsan etmegi diledi. Bu hili ýagdaýlar öňki prezident Nyýazowyň döwründe hem bolýardy.

Mundan başgam näresmi hökümete tarapdar neşirler barha kän garaşsyz çeşmeleriň maglumatlaryny inkär etmäge çalyşýarlar, şeýle-de alternatiw habar serişdelerine we režimiň aýratynlykdaky garşydaşlaryna garşy şahsy hüjüme ýugrulanmakala çap edýärler. Türkmen hökümetiniň kontrollygyndaky neşirleriň oppozisiýa garşy hüjümleri 2000-nji ýyllarda hem giňden ulanylýardy.

Eger-de bular aýratynlykdaky ýagdaýlar bolmasa, Türkmenistanyň hökümeti strategiýany üýtgedip, döwletiň ýüzbe-ýüz bolan ykdysady problemalarynda günäkärlemek üçin daşarky duşmanlary gözlemek bilen meşgullanmaga çalyşýar ýa-da ýurduň ýaşajylarynyň boýnuna täze maglumatlar toplumyny atyp, olaryň ünsüni duşman gözlemäge hem-de maliýe kynçylyklaryndan sowmaga çalyşýar diýip çaklamak mümkin.

Ýene degişli makalalar

Sanjar wakasy' 18 ýaşady: Synçylar halk, häkimiýet arasyndaky ynamsyzlygyň 'has çuňlaşandygyny' aýdýarlar
RF-nyň DIM-niň başlygy Boris Şyhmyradowly ýagdaýa düşündiriş berdi (wideo)
Türkmenistan güýç gurluşlaryna gözegçiligi güýçlendirýär, MHM-niň öňki başlygy wise-premýer boldy
Garaşsyz neşir Boris Şyhmyradowyň 'kitabynyň' birden satuwa çykandygyny habar berýär
Moskwa goşa raýatlar boýunça Aşgabadyň kararyna garaşýar S.Lawrow
Maslahatsyz maslahat. Halk adyndan sözlenýän ýalan halky köseýär