Moskwa goşa raýatlar boýunça Aşgabadyň kararyna garaşýar S.Lawrow

RF-nyň DIM-niş başlygy Sergeý Lawrow 7-nji dekabrda Italiýada ÝHHG-niň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 25-nji mejlisiniň netijeleri boýunça metbugat ýygangyny berdi.

Bu çärä gatnaşan žurnalistleriň biri Türkmenistanda ýaşaýan rus-türkmen goşa raýatlarynyň, şeýle-de 2002-nji ýylda prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanyň tussag edilenleri ykbaly biulen gyzyklandy.

Sorag: Türkmenistanda goşa raýatlygy bolan graždanlary ýanaýarlar, olara ýurtdan çykmakda, Türkmenistanyň raýatynyň içerki pasportyny almakda her hili kynçylyk döredýärler. Kömek etmek mümkin dälmi? Örän köp adam Türkmenistany terk edip, Orsýete göçüp gaýtmak isleýär. Göçýäniň durumyny almagy ýönekeýleşdirip bolmazmy?

S.W.Lawrow: Goşa raýatlyk problemasy hakynda aýdylanda, biziň goşa raýatlyk hakyndaky Ylalaşygymyz denonsirlenenden soň (dowam edýän şertnamadan ýüz dönderilýändigi hakynda öňünden habar bermek, ony hakyky däl diýip yglan etmek-red.belligi), biz türkmen kärdeşlerimiz bilen bu meseleler bilen yzygiderli ýagdaýda meşgullanýarys.

Meniň düşünişimçe, Ylalaşyk denonsirlenýänçä öz meselelerini çözüp ýetişmedik o diýen köp bolmadyk adam hakynda gürrüň barýar.Türkmen hyzmatdaşlarymyz bize bu meseleleri çözjekdiklerini iň ýokary derejelerde ynandyrdylar.

Biz olardan bu barada ýakyn wagtda anyk jogaba garaşýarys.

Sorag: Siziň kärdeşiňiz, Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri B.Şyhmyradowy, şeýle-de “terror hereketinde” aýyplanan beýleki bir topar adamy Türkmenistanyň raýatlygyndan mahrum edendikleri hakynda maglumat bar. Olaryň diňe rus raýatlygy galdy. Olaryň bu adamlaryň aýatda diridigi ýa däldigi hakyndaky soraga anyk jogap bermekleri üçin, Türkmenistanyň häkimiýetlerine täsir ýetirmek mümkinmi?

S.W.Lawrow: Men B.Şyhmyradowy raýatlykdan mahrum edendiklerini eşitmedim, emma men bu meseläni öwrenerin we anyklaryn.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçisi Batyr Nyýazlyýew 2017-nji ýylyň ýanwarynda bipatridler (goşa raýatlygy bolan şahslaryň) meselesi häzirlikçe Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda düzgüne salynmady we bu babatda geňeşmeler alnyp barylýar diýdi.

Ýene degişli makalalar

Sanjar wakasy' 18 ýaşady: Synçylar halk, häkimiýet arasyndaky ynamsyzlygyň 'has çuňlaşandygyny' aýdýarlar
Garaşsyz neşir Boris Şyhmyradowyň 'kitabynyň' birden satuwa çykandygyny habar berýär
Aşgabatda ýene-de B.Şyhmyradowyň Nyýazowa kast etmäge synanyşyk baradaky kitaby görkezildi
RF-nyň DIM-niň başlygy Boris Şyhmyradowly ýagdaýa düşündiriş berdi (wideo)
Türkmenistan güýç gurluşlaryna gözegçiligi güýçlendirýär, MHM-niň öňki başlygy wise-premýer boldy
04.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda