Aşgabatda ÝHHG-niň žurnalistler üçin iki günlük okuw-treningi geçirilýär

Aşgabatda ÝHHG-niň žurnalistler üçin iki günlük okuw-treningi geçirilýär

Şu gün Aşgabatdaky Ýyldyz myhmanhanasynda žurnalistler üçin jemgyýetçilik gyzyklanmasyna eýe bolan meseleleri şöhlelendirmekde sanly mazmuny döretmäge niýetlenen platformalary ulanmak boýunça iki günlük okuw başlandy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralýan okuwy halkara derejeli hünärmenler — angliýaly Marek Bekerman we polşaly Ýakub Parusinskiý tarapyndan geçirilýär.

Şu gün okuwa gatnaşyjylar sanly platformalar, jemgyýetçilik gyzyklanmasy we onuň žurnalistika hem-de habar beriş serişdeleri bilen arabaglanyşygy ýaly meseleleri özleşdiriler. Mundan başga-da, žurnalistikada jemgyýetçilik gyzyklanmasy ýörelgelerine mysallar arkaly seredildi.

Okuwyň barşynda hünärmenleriň hödürlän amaly gönükmelerine türkmen metbugatynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Okuw ertir hem dowam eder we onda sosial ulgamlar, wideo, ses we surat materiallary ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýene degişli makalalar

KHBS-niň we döwlet edaralarynyň özara gatnaşygy --ÝeHHG-nyň howandarlygynda geçirilen okuwyň gün tertibinde
ÝHHG Aşgabatda žurnalistleriň hünär taýýarlygyna bagyşlanan okuw maslahatyny geçirdi
Halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri atly duşuşyk geçirildi
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler