KHBS-niň we döwlet edaralarynyň özara gatnaşygy --ÝeHHG-nyň howandarlygynda geçirilen okuwyň gün tertibinde

Türkmen paýtagtynda döwlet edaralary bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky netijeli özara gatnaşyklar endikleri boýunça seminar geçirildi. Çäräni ÝeHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi gurady. ÝeHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd duşuşygy açyp, Türkmenistanda sanly ulgama geçmek konsepsiýasyny durmuşa geçirmek jähtinden bu okuw-türgenleşiginiň wajypdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, okuw onlaýn-KHBS-leriň işini kämillleşdirilmäge gönükdirilendir.Halkara bilermenleri-ençeme ýyllap Beýik Britaniýanyň BBC tele-radio gepleşikler korporasiýasynda işlän Marek Bekerman we Polşanyň DIM-niň metbugat gullugyndan Ewa Lukasik jemgyýetçiligi habardar etmegiň guraly hökmünde hökümet saýtlaryny döretmek boýunça toplanylan tejribeler, şeýle hem KHBS-niň we döwlet edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary barada gürrüň berdiler.

Okuwyň maksatnamasynda taglymat we amaly sapaklar göz öňünde tutulypdyr.Okuwyň dowamynda bellenilişi ýaly, döwlet edarasynyň kommunikasiýa strategiýasyny dogry kesgitlemek, habarlary bermegiň onlaýn gurallaryndan peýdalanmak zerurdyr.Beýik britaniýaly we polşaly halkara bilermenleri meseleleriň ençemesini, şol sanda jemgyýetçiligi habardar etmegiň onlaýn gurallary, döwlet edaralarynyň kommunikasiýa strategiýasynyň aýratynlyklary we habarlar-täzelikler işiniň ileri tutulýan beýleki ugurlary barada gürürň berdiler.

Döwlet Baştutanynyň ýurdumyz barada maglumatlary ýaýratmaga we ony bermegiň usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen 27-nji fewralda gol çeken Karary Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ugurdaky tagallalarynyň anyk mysalydyr, oňa laýyklykda ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklere, edaralara, kärhanalara we guramalara şu ýylyň dowamynda elektron resminama dolanşygy ulgamyny we web-saýtlary döretmek tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri atly duşuşyk geçirildi
ÝHHG Aşgabatda žurnalistleriň hünär taýýarlygyna bagyşlanan okuw maslahatyny geçirdi
Aşgabatda ÝHHG-niň žurnalistler üçin iki günlük okuw-treningi geçirilýär
Saud Arabystanynda katarly sürüji ýeňiş gazandy
93-nji OSKAR BAÝRAKLARYNYŇ ÝEŇIJILERI
Migrant işçiler baýramçylykdan öň paýtagtdan kowulýar