Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy açyldy

Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy açyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew 2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Serdar Muhammetdurdyýew Yrak tarapynyň Aşgabat şäherinde Yrak Respublikasynyň Ilçihanasyny açmak baradaky karary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, dostlukly ýurduň diplomatik wekilhanasynyň doly derejede işlemegi üçin türkmen tarapynda ähli zerur goldawyň beriljekdigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasynyň açylmagynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýokary derejedäki duşuşyklaryň we Türkmenistanyň hem-de Yragyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän syýasy geňeşmeleriň uly goşant goşýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şeýle-de 2009-njy ýylda Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan soň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça, aýratyn-da halkara giňişliginde, çalt depginde ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Yragyň täze saýlanylan Prezidentini gutlady
Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk barada
Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady
Türkmenistan bilen Malaýziýa oba hojalygy we azyk howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýärler
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ahalteke bedewlerini dünýä ýaýmak boýunça duşuşyk geçirildi
Buharestde Türkmenistanyň şanly senelerine we wakalaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi