Serdar Berdimuhamedow Yragyň täze saýlanylan Prezidentini gutlady

Serdar Berdimuhamedow Yragyň täze saýlanylan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Amedä Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nizar Amedä tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Yrak Respublikasynyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Yragyň “Rudaw” agentliginiň habar bermegine görä, Nizar Amedi saýlawlaryň ikinji tapgyrynda 227 sany ses gazanyp, Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlandy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew 2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Serdar Muhammetdurdyýew Yrak tarapynyň Aşgabat şäherinde Yrak Respublikasynyň Ilçihanasyny açmak baradaky karary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk barada
Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy açyldy
Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady
Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ýeňiş gazandy
20-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary