Aşgabatda ýuridik şahsa ýazylan ýaşyl sanly awtoulaglary jerime duralgalaryna ýollaýarlar

Aşgabatda ýuridik şahsa ýazylan ýaşyl sanly awtoulaglary jerime duralgalaryna ýollaýarlar

Türkmenistanda ýollara we awtoulag işleri bilen ilteşikli ýagdaýlara gözegçilik güýçlenmegini dowam edýär.

Ýurtdaky ulaglarda iki reňkli sanlar ulanylýar: ýaşyl reňk ýuridik şahsa ýazylan we ak reňk hususy ulaglara ulanylýar.

20-nji maýdan ýaşyl reňkli sanlary diňe döwlet ulagy üçin ulanmaly diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler. Aşgabadyň polisiýasynyň ýol gözegçilik gullugy hususy şirketleriň ýaşyl sanly ulaglaryny saklamaga başlady.

Häzir adaty we jerime duralgalarynda hususy guramalara degişli köpsanly awtoulag durýar, olaryň eýeleri bolsa, hususy guramalaryň ulaglarynyň resminamalaryny täzelemek bilen başagaý.

IIM-niň näme sebäpden hususy şirketleriň awtoulaglary bilen aladalanmaga başlandygynyň sebäpleri anyk däl.

“TH-niň” habarçysynyň gürrüňdeş bolan polisiýa wekiliniň sözlerine görä, soňky döwürde ýaşyl reňkli sanlar has artdy.

“TH-niň” bir çeşmesiniň sözlerine görä, köp sürüjiler para bilen ulaglaryny ol ýa beýleki şirketleriň adyna geçirýärler we ulaglary hususy gatnaw üçin ulanýarlar.

Hususy we döwlet gurluşlaryna degişli ulaglary polisiýa seýrek saklaýar we şeýle ulaglar bilen işlemek aňsat.Käbir şirketiň adyna 50 awtoulagyň resmi hasaba alynandygynyň üsti açylypdyr.IIM hatda, iň uly şirkete 10-15 ulagyň ýetjekdigine ynanýar diýip ol sözüne goşýar.

Aşgabatda polisiýa ýenede awtoulaglary saklap başlady we olaryň sürüjileriniň adam daşamak bilen bikanun gazanç edýändigine şübhelenýär diýip 21-nji maýda “Azatlyk” habar berdi.

“Türkmen.news” neşiri Daşoguzda hem awtoulaglaryň jerime duralgalaryna köpçülikleýin ýollanmaga başlanandygyny habar berýär. Emma,hususy ýa ýurdik şahsyň adyna hasaba alynan awtoulaglar barada gürrüň gidýändigi anyklaşdyrylmaýar.

6-njy aprelde prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ilkinji mejlisini geçirende, IIM Öwezdurdy Hojanyýazowy wezipesinden boşadypdy.

Kiçi Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Hojanyýazow IIM-ne ýolbaşçylyk eden döwründe jemgyýetçilik tertip-düzgünlere, ýol hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge, şeýlede ýerli polisiýa wekilleriniň işlerine zerur gözegçiligi amala aşyrmady.

Prezident Lebap welaýatynyň polisiýa müdirýetiniň başlygy Muhammet Hydyrowy wezipesinden boşadyp, IIM belläpdi.

5-nji maýda geçen Döwlet howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde IIM Hydyrowa gysga wagtyň içinde “ÝHD-de goýberilen kemçilikleri düzetmek” buýrulypdy.

Türkmenistanda resminamasyz adam daşamak gadagan we IIM wagtal-wagtal bikanun taksileri “awlamak” bilen meşgullanýar.Emma,ýurtda işsizligiň giň ýaýrandygy we talabyň ýokarydygy üçin sürüjiler ýollarda barlaglar azalan badyna ýene-de ýola çykýarlar.The post Aşgabatda ýuridik şahsa ýazylan ýaşyl sanly awtoulaglary jerime duralgalaryna ýollaýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen okuwçylarynyň halkara üstünligi
Türkmen mekdep okuwçylary Astana şäherinde geçirilen XXII Halkara Žautykow olimpiadasynda 16 medal gazandylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň IIM-niň ýolbaşçysy “Merkezi Aziýa Hytaý” duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistana gelýänler sanjym güwänamasyny görkezer. Lukmanlar derman gytçylygynda 'pul ýasaýar'
Türkmenistan BMG-nyň Neşe serişdelerine garşy komissiýasynyň mejlisine gatnaşdy
Berdimuhamedowa berilen hasabata görä, “Awazada” dynç almak üçin 2257 sany putýowka berildi