Aşgabatdaky "Daşkent" seýilgähi dabaraly ýagdaýda açyldy

Aşgabatdaky "Daşkent" seýilgähi dabaraly ýagdaýda açyldy

21-nji oktýabrda ýurdumyzda resmi saparda bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde Aşgabatda gurlan Daşkent medeni dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy".

"Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Daşkent medeni dynç alyş seýilgähiniň toý bagyny kesdiler. Şeýlelikde, seýilgäh resmi taýdan açyldy" diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri ýazýar.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Zehinli iş hojalyk jemgyýeti tarapyndan paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan Daşkent seýilgähi türkmen we özbek halklarynyň dostlugynyň, agzybirliginiň, medeni taýdan ýakynlygynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. 30 müň inedördül metre uzaýan giňişlikde özbek paýtagtynyň gözel künjeklerini Aşgabatda jemleýän desgalaryň 20-den gowragy bar.

Olaryň daş-töweregi gür baglyga bürelipdir.Seýilgähiň girelgesinde Ezgulik binasy myhmanlara gujak açýar.Dostlukly ýurtda bu bina ýagşy we asylly işleriň nyşany hökmünde garalyp, ol Garaşsyzlyk meýdançasynyň girelgesini bezeýär.

Seýilgähiň çäginde ululy-kiçili suw çüwdürimleri, medeni-köpçülik çärelerini geçirmek üçin ýörite meýdança bolup, olar özbek milli nagyşlarydyr şekilleri bilen bezelipdir. Şunda kesişýän gönüburçluklaryň we sekizburçly ýyldyzyň şekilleriniň seýilgähiň çäginde köp desgalarda ulanylandygyny aýtmak gerek. 100-e çenli adamy kabul edip bilýän iki gatly çaýhananyň öňünde seýilgähiň özboluşly desgasy — çäýnek bilen käsäniň şekilindäki suw çüwdürimi ýerleşýär.

Bu künjek diňe bir meşhur özbek aşhanasynyň tagamlary bilen däl, eýsem, seýilgähiň Daşkendiň täsin arhitektura desgasy hasaplanýan telewizion diňi görnüp duran merkezi böleginiň ajaýyp görnüşleri bilen hem şäheriň ýaşaýjylaryny özüne çeker. "Bu ýerde çagalar üçin oýun meýdançalary, dürli görnüşli attraksionlar, syn ediş çarhy, awtoulaglary goýmaga niýetlenen ýer göz öňünde tutulypdyr.

Täze seýilgähiň çägindäki Sagdyn durmuş ýörelgesi merkeziniň (Ekoseýilgäh) bolsa sagdyn durmuşy ýörelge edinen dürli ýaşdaky raýatlaryň iň gelim-gidimli künjekleriniň biri boljakdygy ikuçsuzdyr.Umuman, seýilgähde wagtyňy şadyýan we gyzykly geçirmek, maşgala bolup dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir" diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Şawkat Mirziýoýew Daşkent seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Dubaý şäherinde krokodilleriň seýilgähi açyldy
Dünýäniň iň uly çigildem bagy
Türkmenistanda parlament saýlawlaryna gatnaşanlaryň sany 90%-den geçdi, 2023-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Türkmenistan Hytaýa 1,61 milliard dollardan gowrak möçberde haryt eksport etdi we beýleki habarlar
Bişkekde aýazly howa sebäpli köçe yşyklary öçüriler
2022-nji ýylda aýallaryň hukuklary: ony nähili bozdular we oňa garşy nähili göreş alyp bardylar