Dünýäniň iň uly çigildem bagy

Niderlandlardaky dünýäniň iň uly çigildemli seýilgählerinden biri bolan Kýokenhof 74-nji gezek myhmanlara gapylaryny açdy. Çigildem ekilen bu seýilgäh dünýäniň iň owadan bahar seýilgähi hasaplanýar. Kýokenhof ýylda iki aý açyk bolýar. Bu çigildemleriň çalt guramagy bilen baglanyşyklydyr. Bu döwürde milliondan gowrak adam oňa baryp görýär. Çigildemleriň güllemegi, esasan, baharyň ir gelmegine baglydyr.

Kýokenhof seýilgähinde aprel aýynyň ahyrynda çigildemler doly gülleýär. Seýilgäh 23-nji martdan 14-nji maýa çenli açyk bolýar. 32 gektar seýilgähde öz möwsüminde 7 million çigildem, nerkes, giasint, zagpyran we beýleki güller gülleýär.

Bu ýyl bagbanlar tarapyndan 1600-den gowrak gül, esasan hem, çigildem ekildi. 7 müňden gowrak ösümlik tohumy ekilen seýilgähde 15 kilometrlik pyýada ýodasy bar. Bu seýilgäh dünýäde iň köp surata düşürilýän ýerleriň biri hasaplanýar. Bu ýerde dürli sergiler we şoular hem gurnalýar. Kýokenhof seýilgähiniň müdiriýetiniň maglumatlaryna görä, bu ýere gelýänleriň 80 göterimi daşary ýurtly syýahatçylardyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmen sallançagy
Aşgabadyň gününe bagyşlanan halkara sergide şähergurluşygynyň iň täze gazananlary görkezildi
Birinji Konstitusiýa has demokratikdi. Merkezi Aziýa ýurtlary geçmişi küýseýär
Aşgabatda “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi açyldy
Türkmenistanda “Dizaýn-2022” forumy we “Araçäksiz dizaýn” halkara sergisi açyldy
Aşgabat gözelligiň mekany