Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Halkymyzyň dünýä meşhur gymmatlyklarynyň biri türkmen keşdeçilik sungatydyr.Keşdeçilik türkmen halk sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri bolup, ol türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda giňden ýaýrapdyr.Bu barada alym Arkadagymyz Türkmen medeniýeti atly kitabynda: Ylmy-gözleg işleriniň netijesinde, miladydan öňki XIIVII müňýyllyklary öz içine alýan orta daş mezolit döwrüne degişli Jebel, Damdam çeşme II, Gubaseňňir, Gaýly ýaly köp gatlakly gonalgalardan gadymy senetçiler tarapyndan çakmakdaşdan ýasalan deşgiçler, derini eýlemekde ulanylan gazaw-teşe iş guraly we jandarlaryň süňkünden ýasalan temenler iňňeler tapyldy [1, 138-139 s.] diýmek bilen tikin işleriniň döreýiş taryhynyň gadymylygy barada gymmatly maglumat berýär.

Türkmen milli keşdelerinde halkyň özboluşly ruhy medeniýeti, çeperçilik ukyby, gözlegleri hem-de baý dünýägaraýşy öz beýanyny tapypdyr. Keşdeçilik türkmen durmuşynda ençeme asyrlap ulanyşda bolup gelen gymmatlykdyr. Ol türkmen zenanynyň çeperçilik ukybyny, türkmeniň geýinmek we geýimleri bezemek medeniýetini, bezeg sungatyny, bu ugurdaky milli aňyýeti beýan edýän sungatdyr.

Ezber zenanlarymyzyň köňül yhlasyny siňdirip döreden keşde-nagyşlary köpdürlüligi, mazmuna baýlygy, nepis we sünnälik bilen ýerine ýetirilendigi olaryň çeperçilik sungatynyň ussatlarydygyny ýene bir gezek tassyklaýar.Gadymy el hünärleriniň biri bolan keşdeler milli egin-eşiklerimiziň bezegidir, düzüm bölegidir.

Halk çeper döredijiliginiň keşdeçilik sungatyny kesp-kär edinen gelin-gyzlar milli lybaslarymyzy bezemek üçin dürli nagyşlary döredipdirler.Tebigatyň gözellikleri lybaslary bezemekde esasy ylham çeşmesi bolup hyzmat edipdir. Çeper döredijilik ukybyna eýe bolan zenanlarymyz türkmen tebigatynyň gözelliginden ruhlanyp keşde-nagyşlaryň ajaýyp nusgalaryny döredipdirler.

Döredijilikli gözlegleriň, yhlasly zähmetiň miwe bermegi bilen ýokary çeperçilige eýe bolan nagyşlar emele gelipdir. Çeper elli gelin-gyzlarymyz milli geýimleri tikip taýýarlapdyrlar we olary dürli reňkli, täsin öwüşginli sapaklar bilen keşdeläpdirler.

Keşdeler milli geýimleriň bezeginiň üstüni ýetiripdir.Bezemenlik öwüşginini beripdir.Halk sungatynyň gadymy görnüşleriniň biri bolan keşdeçilik hem kämilleşipdir.Keşde çekmegiň usullaryny, dowam edip gelýän inçe tärlerini eneler öz gyzlaryna öwredipdirler. Şeýlelikde bu gadymy sungat hem arkama-arka aýlanyp, dowam edip gelipdir.

Keşdeçilik sungatynda sapaklaryň birnäçe görnüşlerinden peýdalanylypdyr. Reňkleriň dürli öwüşginliligi el işlerine aýratyn bezeg beripdir. Keşdeçilikde ýörgünli ulanylýan nagyşlar zenan paýhasynyň dünýä beren nepisligi hökmünde häzirki güne çenli öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Olaryň arasynda Çaňňa, Çigildem güli, Çynar ýaprak, Tegbent, Goçak ýaly nusgawy nagyşlar häzirki zaman lybaslarymyzyň hem keşde bezegini düzýär.

Gymmatly ruhy baýlygymyz bolan keşdeler taryhy ähmiýetli mirasymyzyň bir görnüşidir. Çünki olar müňlerçe ýyllaryň tejribesini özünde jemleýän sungat eserleridir.Türkmen milli eşiklerinde keşdeler esasy orny eýeleýär.Kämilleşip, sünnälenip, hünärden sungata öwrülen milli keşdeçilik köp dürlüligi bilen haýrana goýýar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gadymy sungatyň nepis nusgalary nesilden-nesle geçip, dowam edýär.Keşdeçi zenanlar bu sungaty dowam etdirip täzeden täze, döwrebap nagyş nusgalaryny döredýärler.

Ol nusgalar keşdeçilik sungatynyň zamanabap röwüşde ösdürilýändigini alamatlandyryp, el işleriniň rowana ýollaryny külterleýär.

Türkmeniň naýbaşy milli gymmatlygy bolan keşdeçilik sungaty çeper döredijiligiň müdimilige eýe bolan mirasydyr.Gadymy mirasly halkymyzyň sungat derejesine ýeten gymmatlyklary sanardan köp.Dünýäniň gözelligine bakylyk bolup siňen gymmatlyklarymyz türkmeniň çeper aňyýetiniň belent derejesini äleme ýaýýan nusgalardyr. Şol mynasybetli Türkmen keşdeçilik sungaty atly köptaraplaýyn hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda mynasyp orun tapdy we umumadamzat ähmiýetli nusgalyk miras hökmünde ykrar edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi
Haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermek işi başlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül...
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (13-nji bölüm)
Häzirki zaman özbek edebiýaty