Futbolçylarymyzyň baýramçylyk sowgady

AFK Kubogy ýaryşynda toparçadaky 2-nji duşuşyklarda türkmen toparlarynyň ikisi-de üstünlikli çykyş etdi.Paýtagtymyzda oýnalan duşuşykda “Ahal” Gyrgyzystanyň “Alaý Oş” toparyndan 50 hasabynda üstün çykdy. “Altyn asyr” bolsa, Balkanabatda geçirilen oýunda “Istiklol” bilen 1 utugy paýlaşdy.“Aşgabat” stadionynda oýnalan “Ahal” bilen “Alaý” toparlarynyň arasyndaky duşuşyga yrakly Zaid Tamer Mohammed eminlik etdi.

Oýna 20müňden gowrak tomaşaçy gatnaşdy.

Turuwbaşdan ildeşlerimiziň üstünliginde geçen oýnuň ilkinji 25 minutynda “Ahal” topary 45 sany örän amatly pursat döretdi. Şolaryň birinde sütün topuň derwezä girmegine ygtyýar bermedi.Soňlugy bilen, hüjümlerini hasam ýygjamlaşdyran türkmen futbolçylary 27-nji minutda hasaby açdy.

Bu goly Süleýman Muhadow öz adyna ýazdyrdy.Ezber hüjümçi 6 minutdan soň, ýene bir ýola tapawutlandy. 36-njy minutda-da Guwanç Abylow myhmanlaryň torundan “Ahalyň” 3-nji pökgüsini geçirdi. 2-nji ýarymyň ilkinji minutlarynda oýnuň depgini ortatap ýagdaýda dowam etdi.

Oýunçy çalşyklaryndan soň, täzeden janlanan duşuşykda 68-nji minutda Guwanç Abylow özüniň 2-nji, toparynyň 4-nji goluny geçirdi.Eminiň goşmaça beren 3 minutynyň ahyrynda-da oýna soň goşulan Nurýagdy Muhammedow duşuşyga soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, 5-0 hasabynda ýeňşini baýram eden “Ahal” topary ilkinji 3 utugyny gazandy.Ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” Balkanabatdaky “Sport toplumy” stadionynda ýaryşyň soňky finalçysy, Täjigistanyň çempiony “Istikloly” kabul etdi.

Liwanly Ali Redanyň jürlewük çalan oýnuna 8600 janköýer tomaşa etdi.Türkmen futbolçylary birinji ýarymda birnäçe howply pursatlary döretdiler. Ýöne ildeşlerimize hasaby açmak başartmady.Ikinji ýarymyň 50-nji minutynda myhmanlar garşylyklaýyn hüjümde hasaby açdylar.

Bu goly toparyň belarusly oýunçysy Mikalaý Zýanko derwezä girizdi. 9 minutdan soň, emin jedelliräk pursatda “Altyn asyr” toparynyň derwezesiniň alkymynda 11 metrlik jerime urgusyny belledi.Ony-da Ahtam Nazarow dürs ýerine ýetirdi. Şeýlelikde, oýnuň 1 sagady dolmanka, myhmanlar 20 hasabynda öňe saýlandy.

Emma ruhdan düşmedik aragatnaşykçylar hasaby deňlejek bolup jan aýaman ýiti göreş alyp bardylar. Ýöne munuň üçin oýnuň ahyryna çenli garaşmaly boldular.Oýnuň 90-njy minutynda ussat hüjümçimiz Myrat Ýagşyýew owadan urgy bilen hasaby 21-e ýetirdi. Şol gola çenli-de “Altyn asyryň” birnäçe amatly pursatlary hem döredendigini belläliň. 90+3-nji minutda-da burçdan ýerine ýetirilen urgudan soň, başga bir ezber hüjümçimiz Altymyrat Annadurdyýew kellesi bilen topy urup, hasaby deňledi.

Ildeşlerimiz eminiň goşan 4 minuty tamamlanýança hüjüm baryny etdiler.Hatda iň soňky pursatda ýurdumyzyň çempionyna öňe geçmäge-de uly mümkinçilik boldy. Ýöne Resul Hojaýewiň batly urgusyny myhmanlaryň derwezeçisi Nikola Stosiç sowmagy başardy.

Netijede, oýun 22 hasabynda deňlikde tamamlandy.Geçirilen 2-nji oýunlardan soň, “D” toparçada “Altyn asyr” 4 utuk bilen öňde barýar. 4 utukly “Istiklol” 2-nji, 3 utugy bolan “Ahal” 3-nji ýeri eýeleýär. “Alaý” toparyna bolsa, häzirlikçe utuk gazanmak başartmady.

Toparçadaky 3-nji oýunlar 11-nji aprelde oýnalar. Şonda “Ahal” bilen “Altyn asyr”, “Istiklol” bilenem “Alaý” özara duşuşarlar.

“Ahal”—“Alaý Oş”: 50(Süleýman Muhadow 27, 33, Guwanç Abylow 36, 68, Nurýagdy Muhammedow 90+3)“Altyn asyr”—“Istiklol”: 22(Myrat Ýagşyýew 90, Altymyrat Annadurdyýew 90+3 — Mikalaý Zýanko 50, Ahtam Nazarow 59 p)

Ýene degişli makalalar

TFF Merwiň täze transferleri barada maglumat berdi
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi
Myrat Ýagşyýew Neftçiniň 2023-nji ýyldaky möwsüm üçin beren sanawyna girizildi
“Ahal” AFK Kubogynda “Neftçi” bilen duşuşar
TÝL ― 2020: 9 möwsümde 300 futbolçy tapawutlandy
TÝL ― 2020: 17-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar