Myrat Ýagşyýew Neftçiniň 2023-nji ýyldaky möwsüm üçin beren sanawyna girizildi

Myrat Ýagşyýew Neftçiniň 2023-nji ýyldaky möwsüm üçin beren sanawyna girizildi

Neftçi kluby Gyrgyzystanyň premýer-ligasynyň 2023-nji ýyldaky möwsümine gatnaşjak oýunçylarynyň sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Myrat Ýagşyýew hem girizildi. Sanawda türkmenistanly hüjümçiniň 11-nji belgili köýnekçede hereket etjekdigi görkezilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, 31 ýaşly Myrat Ýagşyýew 2023-nji ýylyň mart aýynda Neftçiniň düzümine erkin agent hökmünde goşulypdy. Mundan ozal ol Aşgabadyň Altyn asyr toparynda çykyş edýärdi.

Ýagşyýewiň Neftçi bilen baglaşylan şertnamasy 1 ýyla niýetlenendir. Myrat Ýagşyýew häzire çenli AFK Kubogynda 28 oýna gatnaşdy hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 12 gezek meýdança çykdy.

Gyrgyzystanyň premýer-ligasynyň täze möwsümi 2-nji aprelde başlanar. Ýaryş üç aýlawdan ybarat bolar. Futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempionatynyň ýokarky ligasyna şu ýyl 10 topar gatnaşar. Olar:

Abdyş-Ata, Alaý, OşMU-Aldiýer (ikisi hem Oş), Alga, Dordoý, Ilbirs (ählisi Bişkek), Kara-Balta (Kara-Balta), Muras Ýunaýted (Jalal-Abad) hem-de Talant (Beş-Kungeý).

2022-nji ýylda Gyrgyzystanyň çempiony Kant şäheriniň Abdyş-Ata topary boldy. Geçen möwsümde çempionatyň kümüş medaly Alaýa, bürünç medal bolsa Alga nesip etdi.

Ýene degişli makalalar

TFF Merwiň täze transferleri barada maglumat berdi
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Melodiýa orkestriniň bahar çemeni
Türkmenistanyň makroykdysady durnuklylygy we ählumumy integrasiýasy IFT 2026 halkara forumyň esasy mowzuklarynyň hatarynda
ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYK ÝUBILEÝI