Melodiýa orkestriniň ýerine ýetirmeginde meşhur aýdymlar janly sesde ýaňlanar

Melodiýa orkestriniň ýerine ýetirmeginde meşhur aýdymlar janly sesde ýaňlanar

Aşgabat şäherindäki Watan kinokonsert merkezinde 25-26-njy aprelde wiýolonçelçi Annaoraz Döwletowyň ýolbaşçylygyndaky Melodiýa orkestriniň konserti bolar.Sazandalar 1990-njy we 2000-nji ýyllaryň hitleri diýen täze maksatnamany hödürlärler.

Onda geçen asyryň ahyrynyň we täze müňýyllygyň başynyň meşhur aýdymlary täzeçe öwüşginde ýaňlanar.Konsertiň esasy maksady dürli nesilleriň saz muşdaklarynyň başyny birleşdirmekden ybaratdyr. Ýaşlyk ýyllary şol döwürlere gabat gelen diňleýjiler üçin bu çäre ilkinji ýazgyly magnitofonlaryň we tans meýdançalarynyň ýakymly ýatlamalaryna dolanmak bolsa, ýaş nesil üçin meşhur aýdymlary orkestriň janly ýerine ýetirmeginde diňlemäge ajaýyp mümkinçilikdir.

Agşamyň garaşylmadyk sowgatlarynyň biri hem Güneş toparynyň meşhur aýdymlarynyň täzeçe ýaňlanmagydyr.Rowaýata öwrülen döredijilik topary häzirki zaman owazlarynyň üsti bilen özüni ýene bir gezek ýatladar.Bu bolsa ritmleri şu güne çenli diňleýjileriň kalbynda ýaşaýan ansambla goýulýan uly hormatyň nyşanydyr.

Konsertde paýtagtymyzyň iň oňat aýdymçylary Döwran Şammyýew, Bahar Durdyýewa, Emir Baýramgeldiýew we Mustafa Ýagşyýew dagy çykyş ederler.Taslamanyň ýolbaşçysy, orkestriň skripkaçysy Selbi Ýagşyýewanyň belleýşi ýaly, Watan kinokonsert merkeziniň özüne çekiji gurşawy her bir tomaşaça bu sazly agşamyň bir bölegi bolmaga mümkinçilik berer.

Bu ýakymly sazly waka gatnaşmak isleýänler üçin telefon belgiler: 82-28-27, 30-49-68.

Ýene degişli makalalar

Melodiýa orkestriň konserti üstünlige beslendi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Melodiýa orkestriniň bahar çemeni
Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly
Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Welmyradowa 75 ýaşady
TÝL ― 2021: Gazakow soňky 10 möwsümde 50 pökgi geçirdi