TÝL ― 2021: Alamow soňky 10 möwsümde 50-den hem kän gezek tapawutlandy

TÝL ― 2021: Alamow soňky 10 möwsümde 50-den hem kän gezek tapawutlandy

Begenç Alamowyň Merw ― Aşgabat duşuşygynda penaltiden geçiren ilkinji goly futbolçynyň Ýokary liganyň soňky 10 möwsümindäki (2012-ni ýyldan bäri) 50-nji goly boldy.

Bu duşuşykda iki gezek tapawutlanan futbolçynyň hasabynda häzir 51 gol bar.

Şeýlelikde, Begenç Alamow Türkmenistanyň futbol çempionatynyň soňky 10 möwsüminde iň kän gol geçiren futbolçylaryň sanawynda 14-nji orna çykdy. 13-nji orundaky Yhlas Magtymowda 52 gol bar.

Ýeri gelende aýtsak, bu sanawyň başyny 142 gol bilen häzir futbola arakesme beren hüjümçi Süleýman Muhadow çekýär. Oňa iň ýakyn futbolçy bolsa 129 golly Myrat Ýagşyýewdir. Geçen möwsümiň iň netijeli futbolçy Altymyrat Annadurdyýewiň hasabynda 121 gol bar.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň jemi jemlendi
TÝL ― 2023: Yhlas Magtymow Ýokary ligadaky 60-njy goluny geçirdi
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Arkadag futbol topary Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çempionatynyň sanawynda öňdeligi eýeleýär