Melodiýa orkestriň konserti üstünlige beslendi

Türkmenistanyň paýtagtyndaky Watan kinokonsert merkezinde Annaoraz Döwletowyň ýolbaşçylygyndaky Melodiýa orkestriniň konserti geçirildi.Baharyň iň owadan aýy bolan aprel aýynda tebigatyň gyş paslyndan soň oýanmagy aýdym aýtmak we şatlanmak höwesini döredýär.

Aşgabadyň ýaşaýjylary döredijilik ýolunda bary-ýogy üçünji konsertini berýän täze saz toparynyň çakylygyny uly höwes bilen kabul etdiler.Melodiýa orkestri tomaşaçylary Güneş toparynyň repertuaryndaky Mawy yşyk saz eseri bilen garşylady.

Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan Погода в доме aýdymy tomaşaçylaryň göwnünden turdy.Tomaşaçylar aýdymçy bilen bilelikde bu meşhur aýdymy aýtdylar.Rodion Gazmanowyň Танцуй пока молодой aýdymy Mustafa Ýagşyýew bilen Emir Baýramgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde zalyň ýarysyny diýen ýaly ýerinden galdyrdy tomaşaçylar joşgunly saz astynda tans etdiler.

Bu agşam sahnada tanalýan hem-de ýaş estrada aýdymçylary Döwran Şammyýew, Baky Annagurbanow, Aýlar Bataýarowa, Gözel Matkarimowa çykyş etdiler. Девушки как звезды, Иногда, Крошка моя, Люби меня, люби ýaly meşhur aýdymlar ýerine ýetirildi.

Döwran Şammyýew birnäçe daşary ýurt aýdymlaryny hem ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň göwnünden turdy.Baýram Taganowyň meşhur Ah, Jennet aýdymy Emir Baýramgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde tomaşaçylar tarapyndan aýak üstünde diýen ýaly garşylandy. Şeýle hem ol Waleriý Meladzeniň repertuaryndaky Самба белого мотылька aýdymy ýerine ýetirdi.

Emiriň sesi we ýerine ýetirişi Meladze doganlaryň liriki aýdymlaryna ajaýyp derejede laýyk gelýär.Agşamyň ahyrynda tomaşaçylar Melodiýa orkestriniň sazandalaryna we aýdymçylara ajaýyp çykyş üçin dowamly el çarpyşmalar bilen hoşallyk bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Melodiýa orkestriniň ýerine ýetirmeginde meşhur aýdymlar janly sesde ýaňlanar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Melodiýa orkestriniň bahar çemeni
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly
Türkmenistanly pälwanlar guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda 28 medal eýelediler