Melodiýa orkestriniň bahar çemeni

Watan kinokonsert zalynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti uly üstünlik bilen geçdi.Bu täze Melodiýa orkestriniň halkyň öňüne ikinji çykyşydy, zalyň doly bolmagy bolsa orkestriň diňleýjisiniň köpdügini, olaryň sazandalara döredijilik başlangyçlarynda goldaw bermek üçin gelendiklerini görkezýärdi.

Konsert maksatnamasy Şasenem bilen Garybyň asyrlar aşyp gelen çuňňur söýgüsiniň nusgawy mysaly bilen açyldy.Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň Şasenem Garyp operasyndan Garybyň ariýasyny Emir Baýramgeldiýew ylham bilen ýerine ýetirdi.

Waleriý Kanişşewiň Eje jan aýdymy bilen ýaş aýdymçy Mustafa Ýagşyýew we Raduga çagalar hor topary çykyş etdi.Aýdymçy bu täsirli çykyşdan soň orkestriň skripkaçylarynyň biriniň ýanyna bardy welin, onuň çykyşyny kime bagyşlandygy tomaşaçylara aýan boldy. Ýagyşda gezelenç atly instrumental çykyş tomaşaçylary ýakymly haýran galdyrdy.

Kompozitor Aýna Şirowa ýagyş damjalarynyň jülpüldisine türkmen äheňini siňdiripdir.Melodiýa orkestriniň dirižýory Annaoraz Döwletow ýekelikde wiolonçelde saz çaldy.Ol Alagaraňkylyk filminiň sazyndan bir parçany ýerine ýetirdi. Üstünlikli çykyşdan soň, Annaoraz tomaşaçylaryň el çarpyşmalary astynda öň hatarda oturan zenanlara gül hödürläp, öz ejesine bir sebet gül sowgat berdi.

Maksatnamadaky galan çykyşlar mowzuklar boýunça bölünipdir: enä söýgi we janana söýgi.Mowzuklaryň ikisini-de tolgunma we galpyldy bilen Döwran Şammyýew, Bahar Durdyýewa, Emir Baýramgeldiýew, Ogulgerek Soltanmyradowa, Mustafa Ýagşyýew we Şirin Jumaýewa dagy beýan etdiler.

Olar Andreý Babaýewiň Täsin gözler, Leonid Agutiniň Men hemişe ýanyňda bolaryn, Waleriý Meladzeniň Owadan, Ýuliýa Sawiçewanyň Ýürekde söýgi ýaşasa, Ýewgeniý Martynowyň Ejemiň gözleri aýdymyny we başga aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Konserti tamamlanynda, Annaoraz Döwletow tomaşaçylary Melodiýa orkestriniň sazandalary bilen tanyşdyrdy, alyp baryjy Ýekaterina Darçiýa bolsa tomaşaçylara ýüzlenip, bu agşamyň her bir diňleýjiniň kalbynda mähirli duýgulary galdyrmagyny arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Günbatar Türkmenistanyň käbir sebitleri sil suwlaryndan zyýan çekdi
Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti
Etrek, Sumbar derýalarynyň joşmagyna, Köpetdag sebitinde güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar
Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy