Pakistanda aşa ýagan ýagyşlar we ýyldyrym sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Pakistanda aşa ýagan ýagyşlar we ýyldyrym sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Apat dolanşygy edarasynyň resmileri, Penjap, Bulujystan we Haýber Pahtunhwa welaýatlarynda täsirli bolan ýagyşlar we ýyldyrymyň çakmagy sebäpli 55 adamyň ýogalandygyny habar berdiler.

Resmiler ýogalan adamlaryň aglabasynyň bugdaý hasylynyň ýygnalýan mahaly ýyldyrymyň çakan daýhanlardan ybaratdygyny mälim etdiler.

Ýurduň Premýer ministri Şahbaz Şerif resmilere ýagyşlaryň täsirli bolan sebitlere gyssagly kömekleriň ýetirilmegi barada görkezme berdi.

Ýagyşlaryň sebäp bolan sil apatlarynda köp sanda öýe we infrastruktura zeper ýetdi.

Pakistanda 2022-nji ýylda ýurduň 1/3 böleginiň suwuň aşagynda galan sil apatlarynda 2 müň adam ýogalypdy, 30 milliard dollar derejesinde zyýan ýetipdi.

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylyň 3-5-nji apreli aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Bahar ylhamy atly aýdym-sazly konsert
2026-njy ýylyň 15-18-nji maýy aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Etrek, Sumbar derýalarynyň joşmagyna, Köpetdag sebitinde güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar
Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy