“Sewilýa” 60, “Roma” 10 ýyldan soň

Ispaniýadaky oýunda iki topar hem gol geçirip bilmändi. Ýer eýeleriniň üstünliginde geçen şol duşuşygyň jogap oýny Mançesterde oýnaldy. “Mançester Ýunaýted” ilkinji ýarymda şowly çykyş etse-de, hasaby açmak olara başartmady. 2-nji ýarymyň ahyrynda depgini güýçlendiren “Sewilýanyň” tälimçisi 72-nji minutda Luis Murieliň ornuna fransiýaly hüjümçi Wissam Ben Ýedderi meýdança çykardy.

Ezber hüjümçi bolsa, 2 minutdan soň, hasaby açdy.Ol şol goldan 4 minut soňam ýene bir pökgi geçirip, Mourinionyň tälimçiligindäki “Ýunaýtedi” hasam çykgynsyz ýagdaýa saldy.Bu onuň şu möwsümdäki 8-nji goly boldy. 84-nji minutda Romelu Lukaku toparynyň geçirden 2 golynyň biriniň öwezini dolsa-da, bu hasap olara çärýek final üçin ýeterlik bolmady. Ýewropa ligasynda gazanylan çempionlyk esasynda bu ýaryşa goşulan “Mançester Ýunaýted” ozalky rowaýaty tälimçisi Aleks Fergusondan soň, Ýewropanyň kubok ýaryşlarynda ilkinji gezek öz meýdançasynda utuldy. “Sewilýa” bolsa, 60 ýyldan soň, UEFA-nyň birinji derejeli ýaryşynda çärýek finala çykdy.

Olar soňky sapar 1958-nji ýylda çärýek finalda “Real Madridden” 2 oýnuň netijesi boýunça 102 hasabynda asgyn gelipdi.Ukrainanyň “Şahtýory” taryhynda 2-nji gezek çärýek finala çykmak üçin tagalla baryny etdi. Ýöne jogap oýnunda “Romadan” 10 hasabynda utulyp, ýaryşdan çykdy.

Italýan toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk pökgini 52-nji minutda Edin Jeko derwezä ýollady. Şunlukda, “Roma” 10 ýyldan soň, umumylykda 3-nji ýola çärýek finalda oýnar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan zenan dzýudoçylaryň arasynda Uly tuwulga ýaryşlaryndaky ilkinji medalyny gazandy
Kuraş 2023: Jahan Muhammedowa altyn medal üçin göreşer
“Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjylaryň ýürek buýsançlary
Futbolçylarymyzyň baýramçylyk sowgady
Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi
Rekordy täzelemek Harri Keýne başartdy