Rekordy täzelemek Harri Keýne başartdy

Futbolyň watany Angliýanyň soňky ýyllardaky iň esasy ýyldyzlaryndan diýlip görkezilýän hüjümçi Harri Keýn çykyş edýän topary “Tottenhamyň” “Kardiff Siti” bilen geçiren duşuşygynyň 3-nji minutynda taryhy rekord goýdy. 25 ýaşyndaky hüjümçi köpleriň pikirine görä, dünýäniň iň öňdebaryjy çempionaty hasaplanýan “Premier ligada” duşuşan ähli toparynyň derwezesini sarsdyrmagy başardy.

Ol bu oýna çenli öň “Premier ligada” 27 toparyň derwezesinden gol geçiripdi we diňe “Kardiff Siti” galypdy.Keýn “Kardiff Sitiniň” torundan 4-nji duşuşygynda gol geçirmegiň hötdesinden geldi.

Keýniň 28 toparyň derwezesinden geçiren gollarynyň sany 122-ä ýetdi.Onuň iň köp gol geçiren kluby “Lester Siti” toparydyr.Ezber hüjümçi toparynyň ady agzalan klub bilen oýnan duşuşyklarynda 11 gezek tapawutlandy.

Keýn “Ewerton”, “Stok Siti” toparlaryna 9, “Arsenala” 8 gol geçirdi.Onuň iň az gol geçiren toparlary-da “Kardiff Siti” bilen “Middlsboro” klublarydyr.Häzirki wagtda ady “Real Madriddir” “Barselona” bilen agzalýan oýunçynyň “Premier ligada” ýene-de näçe wagtlyk çykyş etjekdigi belli däl. Ýöne näçe wagtlyk çykyş etse-de, liga geljek täze toparlaryň-da onuň gollaryndan nesibesine düşenini aljakdygyny futbolçynyň häzirki güne çenli görkezen netijeleri subut edýär.

Diňe 1 topar galdy“Premier ligada” Harri Keýnden öň iň ýokary görkeziji Tierri Anrä degişlidir.Ol klub sany babatda köp hem bolsa, duşuşan toparlarynyň hemmesiniň torundan gol geçirip bilmändi. “Arsenalyň” rowaýaty hüjümçisi Anri “Premier liganyň” çäklerinde gabatlaşan 35 toparynyň 34-siniň toruny boş goýbermedi.

Fransiýaly oýunçynyň gol geçirip bilmedik ýeke-täk topary “Swansi Siti” boldy. Şeýle-de, “Mançester Sitiniň” argentinaly ýyldyzy Serjio Aguero hem häzirlikçe diňe 1 toparyň derwezesinden gol geçirtmek başartmady.Ol 32 toparyň garşysyna oýun geçirip, şolaryň arasyndan “Boltonyň” toruny sarsdyrmak oňa miýesser etmedi.

Eger-de öňümizdäki ýyllarda häzirki wagtda “Championship”-de aşaky orunlarda barýan bu topar “Premier liga” dolanyp gelmese, Aguero karýerasyny “Boltona” gol geçirmezden tamamlar. “Arsenal” we “Mançester Ýunaýtedde” oýnan döwürlerinde 36 klubuň garşysyna meýdança çykan gollandiýaly Robin Wan Persi bolsa, 33 toparyň janköýerini gynandyrdy.

Iňlis hüjümçileri Endi Koul, Jermain Defo, häzirki wagtda ABŞ-da çykyş edýän Weýn Runi dagy 40 sany topar bilen duşuşyp, degişlilikde, 38, 37, we 36 klubuň derwezesinden gol geçirdiler. “Premier liganyň” iň köp gol geçiren oýunçysy Alan Şirer 29 toparyň diňe 2-siniň torundan gol geçirip bilmedi.

Ýene degişli makalalar

64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Türkiyäniň Milli futbol ýygyndysy Uels bilen duşuşyk geçirer
FINALYŇ EMINI FELIKS BRYH
“Lionyň” bassyr 2-nji çempionlygy
Joşuanyň 21-nji ýeňşi,Powetkiniň 24-nji nokauty
120-nji möwsüme badalga berler