Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)

Adatça futbolda hüjümçiler 30 ýaşdan geçenlerinden soň olaryň ukyplary azda-kände peselip başlaýar.Sebäbi hüjümçileriň meýdançadaky oýnaýan ýerleri olardan ýokary derejede fiiki güýç talap edýär.

Köpräk ylgamaly, iň esasysy hem gol geçirmeli bolýar. 30 ýaşdan soň olaryň geçirýän gollarynyň sany ozalkylar ýaly bolmaýar. Ýöne Kristiano Ronaldo, Lionel Messi, Zlatan Ibrahimowiç, Robert Lewandowski ýaly ýyldyzlar ýokarda bellänlerimiziň tersine.

Esasan hem, Ronaldo bilen Messi 30 ýaşdan soň 30 ýaşdan öň geçiren gollaryndan has köp gol geçirdiler.Adaty statistikamyzy döwýän oýunçylaryň, has takygy, hüjümçileriň ýene biri-de angliýaly Harri Keýn bolup, ol täze klubunda eýýäm birnäçe rekordy täzeledi.

Alan Şirerden soň iňlisleriň iň esasy ýyldyzy hökmünde görülýän Harri Keýniň şu günlerde depen topy gol bolýar.Iýul aýynyň ahyrlarynda 30 ýaşy arka atan Keýn karýerasyndaky esasy klub bolan Tottenham toparynyň gapysyndan ilkinji ädimini ädende senenamalar 2004-nji ýyly görkezýärdi.

Merdiwanyň basgançaklaryny ýeke-ýeke ädimlän Keýniň ýaşy gitdigiçe futbolynyň hili ýokarlandy. 1993-nji ýylyň 28-nji iýulynda Londonyň Woltemstow diýen ýerinde dünýä inen Keýn 1999-njy ýyldan 2004-nji ýyla çenli Rijweý Rowers, Arsenal, Watford ýaly klublaryň çagalar düzüminde oýnaýar.

Soňra 2009-njy ýyla çenli Tottenhamyň ýaşlar düzüminde özüni görkezýär.London kluby ony irki ýyllarda, has dogrusy 2010-2013-nji ýyllar aralygynda Leýton Orient, Milwoll, Norwiç, Lester Siti ýaly klublara kärendesine ugradýar.

Bu klublarda gowy taplanan Keýn 2013-nji ýyldan başlabam Tottenhamyň esasy düzüminiň oýunçysy bolup başlaýar.

Ol 2013/14 möwsüminde 10 oýunda bary-ýogy 3 gol geçirýär. Ýöne şol möwsümden soňam birden öwsüp başlan şemal deý, onuň gol geçirijiligi ýokarlanýar. 2014/15 möwsüminde çempionatda 21, umumylykda-da 31 gol geçirýär.

Täze möwsümde 25, ondan soňky möwsümde-de 29 gol bilen Premier Liganyň iň köp gol geçiren oýunçysy bolýar.Ondan soňky möwsümde-de 30 gol oňa iň köp gol geçiren oýunçy bolmak üçin ýeterlik bolman, 32 golly Mohamed Salahdan yza galýar.

Iňlisler ahyry ençeme ýyldan soň Şirer ýaly hüjümçi bilen tanyşýar.Keýniň depeniniň gol bolan döwürlerinde Tottenham toparynyň tälimçiligine argentinaly Maurisio Poçettino bellenilip, onuň tälimçilik ukyby Keýniň gollarynyň sanynyň hasam artmagyna oňaýly täsir edýär.

Tottenham topary Poçettinonyň gelmegi bilen adyny çempionatyň iň esasy klublarynyň hataryna goşýar.Muňa Keýniň hem goşandy uly bolýar. Ýöne Tottenham topary näçe owadan futbol oýnasada, Keýn näçe gol geçirse-de, kluba kubok gazanmak, çempion bolmak başartmaýar.

Tottenhamyň iň soňky gazanan kubogy 2008-nji ýyldaky Liga Kubogy bolup, çempionlygyň gazanylanynyň üstünden 60 ýyldan köp wagt geçýär.Topar 2019-njy ýylda UEFA Çempionlar Ligasynyň fialyna çyksa-da, Liwerpuldan asgyn gelen Keýn we ýoldaşlary meýdançany ýüzleri salyk terk etmeli bolýarlar.

Keýniň kuboksyz karýerasy diňe Tottenham toparynda däl, eýsem, milli ýygyndyda-da dowam edýär.Meşhur oýny oýlap tapan iňlisler bolsa-da, olar şu wagta çenli wagtal-wagtal şowly çykyş etselerem, bu owadan oýny iň gowy oýnaýan millet bolmak başartmaýar.

Taryhlaryndaky ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk iň uly ýeňşini 1966-njy ýylda Dünýä Kubogynda jedelli gol bilen gazanan iňlisler üçin pandemiýa sebäpli 1 ýyl soňa süýşürilen EURO 2020-de uly pursat peýda bolýar.

Wembley stadionynda oýnalan fialda italýanlardan asgyn gelen iňlisler bu taryhy pursatdan ýerlikli peýdalanyp bilmän, kümüş medal bilen oňňut etmeli bolýar.

Soňky ýyllarda ady Real Madrid we başga-da birnäçe klub bilen agzalan Harri Keýn şu tomusda Bundesliga transfer bolýar.Tottenham bilen hoşlaşan ýyldyz oýunçy Premier Ligada 213 gol geçirip, Alan Şirerden soň bu ugurda 2-nji orunda barýar.

Robert Lewandowskiniň topardan gitmeginden soň gol geçirmekde az-owlak kynçylyk çeken Bawariýa Sadio Maneden hem garaşylýan netijäni alyp bilmeýär.Senegally ýyldyzy Saud Arabystanyna ugradan Bawariýa Harri Keýniň transferi üçin iňlis klubuna 100+10 million ýewro töleýär.

Münhenliler ýyldyz hüjümçi bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşýar.Aslynda Bawariýada köp wagtdan bäri 30 ýaşdan geçen futbolçylar bilen 1 ýyldan uzak şertnama baglaşylmaýardy. Ýöne Keýn üçin bu ýörelgesinden dänen Bawariýanyň şeýle etmek bilen häzirki wagtda nähili dogry netije çykarandygyny anyk görmek bolýar.

Keýniň täze bir çempionatda, täze bir klubda nähili başarnyk görkezjekdigi hemmäni gyzyklandyrýardy. Ýöne iňlis hüjümçi edil Tottenhamda oýnaýan ýaly, hamala başga bir kluba geçmedik ýaly gol geçirmegini dowam edýär. Çempionatyň ilkinji tapgyrynda Werderiň derwezesini sarsdyran oýunçynyň 11-nji tapgyrdan soň geçiren gollarynyň sany 17-ä ýetdi.

Eýýämden 3 gezek het-trik eden (Bohum, Darmştadt, Borussiýa D duşuşyklarynda) Keýn 11 duşuşygyň diňe 2-sinde gol geçirip bilmedi. Çempionlar Ligasynda-da 4 oýunda 4 gol geçiren Keýn Bawariýada 15 duşuşykda 21 gezek tapawutlandy.

Keýn Bundesliganyň taryhynda ilkinji 11 oýunda 17 gol geçiren ilkinji futbolçy bolup, ol 16 gezek tapawutlanan Lewandowskiniň rekordyny täzeledi. Şol bir wagtyň özünde-de Keýn eýýämden geçen ýyl 16 gol bilen möwsümiň iň netijeli oýunçylary bolan Kristofer Nkunku hem-de Niklas Füllkrugdan köp gol geçirdi.

Keýniň öňünde indiki rekord bir möwsümde 42 gol geçirip, Lewandowskiniň başga rekordyny hem täzelemek.Ol soňky duşuşykdan soň bu barada berlen sowala Gowy sowal, görýän welin, tutuş möwsümiň dowamynda ýygy-ýygydan mendenbu sorag soraljak ýaly. Ýöne entek ýolumyz uzak.

Men diňe toparym bilen çykyş edenimde lezzet alýaryn.Men Premier Liganyň ýadawlygyna öwrenişen diýip, jogap berdi.

Keýn çempionatda hem iň köp gol geçiren oýunçy, hem-de karýerasyndaky iň uly gädik

bolan çempionlyk gazanmak isleýär. Olaryň ilkinjisi üçin Ştutgartyň gwineýaly hüjüm-

çisi Seru Girassi bilen bäsleşýän Keýn hemde Bawariýa ikinji arzuwy üçinem ýeňlişsiz

barýan Baýer topary bilen soňuna çenli göreşi dowam etdirmeli bolar. Ýöne soňky

11 möwsümiň çempiony Bawariýa toparynyň onuň bu isleglerini amala aşyrmak üçin

iň dogry salgydygy görnüp dur. Muny häzirki ýagdaý dolulygyna subut edýär.

Beýleki bir tarapdanam geljek ýyl Germaniýada geçiriljek EURO 2024-iň hem esasy

faworitleriniň biri hökmünde görülýän Angliýanyň milli ýygyndysynyň çempionlyk gazanan ýagdaýynda Keýniň depesi gök dirär. Aslynda ol şu wagtdan şol çempionata

Germaniýanyň dürli şäherlerinde gol geçirip, taýýarlyk görüp ýör diýsek hem bolar. Galanyny-da wagt görkezer…

Gazetiň sport synçysy

Ýene degişli makalalar

… we Keýn “Bawariýada”
100-nji, 200-nji hem-de 300-nji duşuşygynda gol geçiren 2-nji futbolçy boldy
Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
“Bawariýa” yzly-yzyna 16-njy gezek 1/8 finala çykdy
Holann het-trikleriň hökümdary