Futbol oýnaman gol urýan Holand

Futbol oýnaman gol urýan Holand

Häzirki wagtda Erling Holandyň Mançester Sitidäki oýunlary tutuş futbol dünýäsini haýrana goýmagyny dowam edýär. Ýene az salymdan Şäherlileriň düzüminde Aston Willa garşy meýdança çykjak norwegiýaly goleador barada käbir faktlary size ýetirmegi makul bildik.

Aslynda, transfer amala aşyrylan mahallary Holandyň Gwardiolanyň oýun pelsepesine gabat gelmeýändigi, onuň gysga paslara esaslanýan oýun gurluşynda kynçylyklara sezewar bolýandygy janköýerler tarapyndan hem, bilermenler tarapyndan hem köp nygtaldy. Emma...

Gwardiola Holand üçin meýdançada şeýle bir pozisiýa tapdy welin, hüjümçi futbol oýnamazdan diýen ýaly, özüniň iň artykmaç taraplaryny açmagy başarýar.Mysal üçin, Holand premýer-ligada oýnan bäş duşuşygynyň dowamynda ýoldaşlaryna bary-ýogy 48 sany anyk pas berdi.

Olaryň 21-siniň birinji oýunda hasaba alnandygyny we soňkularynyň 6-synyň meýdanyň merkezinden topy oýna girizmek bolandygyny göz öňünde tutsak, soňky dört oýna jemi 21, her oýna ortaça 5,25 pasdan (Meselem, bu görkeziji Garri Keýnde 22-ä deň) düşýär.

Göz öňüne getiriň, her oýunda müňüň aýlanasy pas oýnaýan Gwardiolanyň toparynyň esasy hüjümçisiniň görkezijisi her oýna alty sany takyk pasa hem ýetenok!

Tutuş oýnuň dowamynda topa juda az galtaşýan Holand eýýäm 5 oýunda 9 goly öz adyna ýazdyrdy we bir gezek golly pas berdi. Holandyň uran gollarynyň 5-si derwezeçiniň meýdançasyndan, 1-i penaltiden, ýene 2-si bolsa 4-5 metr uzaklykdan derwezä ýollanandyr.

Ýokarky iki faktory hasaba alsaň, Holandyň Sitidäki ýa-da Holandly Sitiniň üstünliginiň sebäbi belli bolýar, ýagny dünýäniň howply pursat döretmekde iň gowy topary dünýäniň iň gowy hüjümçisi bilen birleşdi. Gorkunç duet, şeýle dälmi?!

Ýene degişli makalalar

Mançester Sitiniň ýarym goragçysy Rodri 2024-nji ýylyň Altyn topuna mynasyp boldy
Italiýada Merih Demiral tarapyndan başladylan kampaniýa çalt depginler bilen ösýär
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Wengriýa barar, Türkmenistanda Sanly çözgüt 2023 innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler, Tokioda türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaby tanyşdyryldy we beýleki habarlar
Keýn Bawariýanyň düzüminde Bundesligadaky ilkinji goluny urdy
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
ÝÇL-iň ilkinji çärýek finalçylary belli boldy
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda deslapky oýunlar geçirildi