ÝÇL-iň ilkinji çärýek finalçylary belli boldy

ÝÇL-iň ilkinji çärýek finalçylary belli boldy

Fransiýanyň PSŽ topary ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň jogap oýnunda myhmançylykda Ispaniýanyň Real (Sosýedad) toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Toparlaryň arasyndaky deslapky oýunda parižliler 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdylar.

Duşuşykda PSŽ toparyna ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem Kilian Mbappe (15, 56) öz adyna ýazdyrdy. Ýer eýeleriniň düzüminde bolsa Mikel Merino (89) tapawutlandy.

ÝÇL-iň ikinji çärýek finalçysy Germaniýanyň Bawariýa topary boldy. Mýunhen kluby ýaryşyň 1/8 final tapgyrynyň jogap oýnunda öz öýünde Italiýanyň Lasio toparyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýundaky gollara Garri Keýn (38, 66) hem-de Tomas Mýuller (45+2) awtorlyk etdiler. Toparlaryň arasyndaky deslapky oýun 1:0 hasabynda Lasionyň peýdasyna tamamlanypdy.

ÝÇL-iň çärýek finalynyň bijesi 15-nji martda çekiler. Çärýek finalyň deslapky oýunlary 9-10-njy aprelde, jogap oýunlary bolsa 16-17-nji aprelde geçiriler. Ýaryşyň finaly 1-nji iýunda London şäherindäki Uembli stadionynda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawynda futbolçylar öňdeligi eýeleýär
Italiýada Merih Demiral tarapyndan başladylan kampaniýa çalt depginler bilen ösýär
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Wengriýa barar, Türkmenistanda Sanly çözgüt 2023 innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler, Tokioda türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaby tanyşdyryldy we beýleki habarlar
Gwardiola bassyr ikinji gezek APL-iň iň gowy tälimçisi boldy
“Arsenala” ne döw çaldy?!