Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Wengriýa barar, Türkmenistanda Sanly çözgüt 2023 innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler, Tokioda türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaby tanyşdyryldy we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Wengriýa barar, Türkmenistanda Sanly çözgüt  2023 innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler, Tokioda türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaby tanyşdyryldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dynç günleri, 19-20-nji awgustda Budapeştde saparda bolar. Bu barada Wengriýanyň daşary işler we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Peter Siýýarto habar bedi. 20-nji awgustda Wengriýada döwletiň döredilmeginiň milli baýramy Keramatly Iştwan güni bellenilýär. Mundan başga-da, 19-njy awgustda Budapeştde ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty badalga alar.

2.Türkmenaragatnaşyk agentligi Sanly çözgüt 2023 atly innowasion taslamalaryň bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.Bäsleşik Türkmenistanda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmak maksady bilen geçirilýär.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň söwda we senagaty edarasynda geçiriljek Türkmentel 2023 atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Ýeňiji bolan ýaşlar diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutmalar 2023-nji ýylyň 20-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

3. Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy bilen duşuşyp, özara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdy. Duşuşygyň çäklerinde ilçi türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly täze kitabyny tanyşdyrdy.

4. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi kompaniýalary Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi üçin harytlary satyn almak boýunça halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşik lukmançylyk enjamlaryny, lukmançylyk sarp ediş serişdelerini, lukmançylyk we beýleki maksatly serişdeleri öz içine alýan 29-njy lota degişlidir.

5. Türkmenistan awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti Aşgabat Kazan ugry boýunça sentýabr aýyndaky uçuşlarda goşmaça orunlaryň bardygyny yglan edildi.

Dünýäde

6. Türkiýede adaty bolmadyk şekilli howa şarlarynyň festiwaly geçirildi. 7 ýurtdan gatnaşyjylar bilen 22 şar asmana göterildi. Şarlar doňdurma, ördek, Obeliks, osminog, kosmos gämisi we Türkiýäniň baýdagy şekilinde bezelipdir. Festiwal Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan guraldy. Festiwal Kappadokiýada iki ýyl bäri geçirilýär. Geçen ýyl festiwala 100 000-den gowrak adam gatnaşdy.

7. Ýaponiýanyň Osaka uniwersitetiniň alymlary neýrotor ulgamyna döş kapasasynyň rentgeni boýunça adamyň ýaşyny kesgitlemegi öwretdiler.Hakyky ýaş bilen emeli aň tarapyndan hasaplanan netijäniň arasyndaky tapawut haýsydyr bir hroniki keseliň bardygyny görkezýär.

Ilki bilen, alymlar neýrotor ulgamyna 36 müň sagdyn adamyň döş kapasasynyň rentgenografiýasyny ýüklediler.Soňra emeli aňa dürli kesellerden ejir çekýän meýletinçileriň maglumatlaryny barlamak teklip edildi. Şondan soň alymlar neýrotor ulgamy tarapyndan kesgitlenen ýaş bilen görkezilen keselleriň hersiniň arasyndaky baglanyşygy seljerdiler.

Sport habarlary

8. 2023-nji ýylyň 14 25-nji awgusty aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň we BAE-niň welosipedçileriniň ilkinji okuw-türgenleşik ýygyny geçirilýär. Abu-Dabiniň welosiped kluby öňde boljak ýaryşlara taýýarlyk görmek we türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna geldi.

Türgenleşikler dürli aralyklarda we ýerlerde, şol sanda Olimpiýa şäherçesinde we Köpetdagyň eteginde geçirilýär. Türgenler her gün 60-dan 110 kilometre çenli ýol geçip, özleriniň güýçlerini we çydamlylygyny synap görýärler. Türgenleşigiň ilkinji güni Gökdere jülgesinde geçirildi, bu ýeriň gözelligi daşary ýurtly myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

9. Bawariýa Bundesliganyň birinji tapgyrynda Werderden 4-0 hasabynda üstün çykdy. Mýunhenlileriň düzüminde Angliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Garri Keýn ilkinji pökgüsini tora girizdi. Keýn duşuşygyň 75-nji minutynda tapawutlandy, 4-nji minutda bolsa Leroý Sane ýardam pasyny berdi.

Ýene degişli makalalar

Keýn Bawariýanyň düzüminde Bundesligadaky ilkinji goluny urdy
Ýene bir ýeňiş Baýeri Bundesliganyň çempionyna öwrer
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
Italiýada Merih Demiral tarapyndan başladylan kampaniýa çalt depginler bilen ösýär