Ýene bir ýeňiş Baýeri Bundesliganyň çempionyna öwrer

Ýene bir ýeňiş Baýeri Bundesliganyň çempionyna öwrer

Şenbe güni Germaniýanyň Bundesligasynyň 28-nji tapgyrynyň birnäçe oýunlary geçirildi. Tapgyrda turnir tablisasynyň lideri Baýer myhmançylykda Union (Berlin) toparyny Wirziň 45+8-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan uran goly bilen minimal hasapda ýeňlişe sezewar etdi.

Mýunheniň Bawariýasy bolsa garaşylmadyk ýagdaýda myhmançylykda Haýdenhaýmdan 3:2 hasabynda asgyn geldi.Tomas Tuheliň tälim berýän topary Keýniň (38) we Ganbriniň (45) gollary bilen 2:0 öňe geçen hem bolsa ýeňşi saklap galyp bilmedi.

Oýnuň ikinji ýarymynda ýer eýeleri Hassanyň 50-nji minutdaky goly bilen aratapawudy gysgaldan bolsalar, soňra Klýandinstiň dubly (51, 79) arkaly ýeňşi öz taraplaryna agdyrdylar.Tapgyryň ýene bir esasy oýnunda Ştutgart myhmançylykda Dortmundyň Borussiýasyny Girassiniň 64-nji minutda uran ýeke-täk goly bilen utmagy başardy.

Şeýlelikde, ýaryşyň tamamlanmagyna 6 oýun galanda Baýer 76 utuk bilen birinji orny eýeläp dur. Ikinji orundaky Bawariýanyň hem-de üçünji ýerdäki Ştutgartyň bolsa hersinde 60 utuk bar. Şundan görnüşi ýaly eger-de Baýer topary ýene bir ýeňiş gazansa, wagtyndan öň Bundesliganyň çempionyna öwrüler.

Bundesliganyň indiki tapgyrynda Baýer 14-nji aprel güni öz öýünde Werder bilen duşuşar, Bawariýa bolsa bir güň öň Kýölni kabul eder.

Şol gün Ştutgart hem öz öýünde Aýntraht bilen güýç synanyşar.

Ýene degişli makalalar

Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
Baýer öz taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň çempiony boldy
3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Bundesliga birinji tapgyr: Azmunyň topary ýeňildi
1-nji ýarymda “Maýns”, 2-nji ýarymda “Bawariýa”