Keýn Bawariýanyň düzüminde Bundesligadaky ilkinji goluny urdy

Keýn Bawariýanyň düzüminde Bundesligadaky ilkinji goluny urdy

Bawariýa Bundesliganyň birinji tapgyrynda myhmançylykda Werderi derbi-dagyn etdi.Oýun 4:0 hasabynda mýunhen toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.Duşuşykda Angliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Garri Keýn Bawariýanyň düzümindäki debýut goluny urdy.

Oýun anna güni Bremen şäherinde geçirildi.Keýn oýnuň 75-nji minutynda tapawutlandy. Şeýle-de Leroý Sane iki gola (4, 90), ätiýaçdan oýna goşulan Matis Tell bolsa bir gola (90+4) awtorlyk etdi.

Ýeri gelende bellesek, Garri Keýn awgust aýynda tutuş karýerasyny geçiren kluby bolan Tottenhem bilen hoşlaşyp, Bawariýanyň düzümine goşulypdy. Sport neşirleriniň ýazmagyna görä, bu transfer üçin Bawariýa şporlara 100 million ýewrodan gowrak töleg geçiripdir

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Wengriýa barar, Türkmenistanda Sanly çözgüt 2023 innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler, Tokioda türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaby tanyşdyryldy we beýleki habarlar
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
“Barselonadan” utulanynyň ahmyryny “Bohumdan” çykardy
APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary
Arsenal birinjiligi elden bermedi