… we Keýn “Bawariýada”

Uzaga çeken gepleşiklerden soň “Bawariýa” topary ahyry arzuwyna gowuşdy. “Tottenham” toparynyň ýyldyz hüjümçisi Harri Keýn mundan soň karýerasyny “Bundesliganyň” “Bawariýa” toparynda dowam etdirer.Bu barada resmi maglumat mälim edildi. “Bawariýa” topary 30 ýaşyndaky oýunçy üçin londonlylara 100+10 million ýewro berer. Şertnamanyň möhleti 4 ýyllyk bolup, angliýaly oýunçy münhenlilerden ýylda 25 million ýewro hak alar.

Ol täze klubunda 9-njy belgili köýnekçäni geýer.Keýniň şu gün Germaniýanyň Super Kubogy duşuşygynda “Leipsig” bilen geçiriljek duşuşykda meýdança çykmagyna garaşylýar.

“Tottenhamda” 10 ýyldan bäri çykyş edip gelýän ýyldyz oýunçy londonlylaryň düzüminde 435 oýunda 280 gezek tapawutlandy. “Premier Liganyň” iň netijeli 2-nji (213 gol) futbolçysy bolan Keýn karýerasynyň başlarynda “Leýton Orient”, “Milwoll”, “Norwiç Siti”, “Lester Siti” klublarynda kärendesine geçdi.

Ýene degişli makalalar

Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
100-nji, 200-nji hem-de 300-nji duşuşygynda gol geçiren 2-nji futbolçy boldy
“Bawariýa” yzly-yzyna 16-njy gezek 1/8 finala çykdy
“Bawariýa” soňky minutda ýeňşi elden giderdi
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda deslapky oýunlar geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Wengriýa barar, Türkmenistanda Sanly çözgüt 2023 innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler, Tokioda türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaby tanyşdyryldy we beýleki habarlar