Ezber daýhan fermer hojalygy: netijeli telekeçilik ideýalarynyň gözleginde

Şitil ýetişdirmäge ýörüteleşen Ezber daýhan fermer hojalygy şu ýyl Ahal welaýatynyň gök ekarançylaryna pomidoryň, hyýaryň, bolgar burçunyň sebitleşdirilen görnüşleiniň bir milliona golaýyny ýerleşdirdi.Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ygtyýarynda köpugurly ýyladyşhana hojalygy we 100 gektar ekin meýdany bar.

Fermerler ýyladyşhanalarda we açyk meýdanda her ýyl ekinlerden birnäçe hasyl alyp, 100-120 tonna gök ekin ýetişdirýärler. Önümiň aglaba bölegini olary gaýtadan işleýän we gaplaýan hususy haryt öndürijiler satyn alýarlar.

Häzirki wagtda Ezber daýhan fermer hojalygynda köp ulanylýan jaz bolan burç goýaltmasyny öndürmegi özleşdirmäge taýýarlanylýar.Munuň üçin hojalyk Türkiýeden bu ugra degişli enjam satyn aldy. Şu ýylyň noýabrynda önümiň ilkinji tapgyryny çykarmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem telekeçiler ýyladyşhanalary gurmak we olaryň tehniki üpjünçiligi babatda hyzmatlary-da ýerine ýetirýärler.

Ezber daýhan fermer hojalygynyň işiniň ýene bir ugry ösümçilikde seçgi işidir.Häzirki wagtda hojalygyň nahalhanasynda pomidoryň alty, ajy we bolgar burçuň üç görnüşi synag edilýär.TSTB-niň agzasy Ezber daýhan fermer hojalygy ýurdumyzda ilkinji bolup senagat möçberinde Pawloniýa, ýagny Adam ata daragty ady bilen tanalýan agaç nahallaryny ýetişdirip ugrady.

Hojalygyň Ak bugdaý etrabyndaky tejribe meýdançasynda bäş ýüz düýpden gowrak bag nahallary ösüp otyr.Pawloniýa ýetişdirmek ykdysasdy taýdan girdejilidir: ol ynjyk däldir, agaç tutuşlygyna diýen ýaly onuň düýbi-de, ýapragy hem, güllerem dünýä bazarlarynda islegli haryt, çünki olar köp ýerde: mebel we saz gurallaryny ýasamakda, nahar taýýarlamakda, dermnahana önümçiliginde, parfýumeriýada, biotehnologiýada we beýleki ugurlarda ulanylýar.

Mundan başga-da, Pawloniýa bally ösümlikdir, çünki onuň agajynyň ekologiýa taýdan arassalyk we berklik, oda hem çyga çydamlylyk, deformasiýa we zyýanly mör-möjeklere durnuklylyk ýaly gymmatly sypatlary bardyr.

Ýene degişli makalalar

“Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjylaryň ýürek buýsançlary
“Sewilýa” 60, “Roma” 10 ýyldan soň
Futbolçylarymyzyň baýramçylyk sowgady
Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi
Rekordy täzelemek Harri Keýne başartdy
11.09.2019 | Milli Liderimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşdy