Aşgabatdaky esasy Täze ýyl arçasy GDA-da iň beýik diýlip atlandyryldy

Aşgabatdaky esasy Täze ýyl arçasy GDA-da iň beýik diýlip atlandyryldy

Aşgabat şäherinde Älem medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada dikilen Türkmenistanyň Baş arçasy (44 metr) GDA-da Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli yşyklandyrylan iň beýik arçadyr.

Bu barada Arkalaşygyň iň täze Täze ýyl arçalarynyň reýtingini hödürleýän TurStat syýahatçylyk portaly habar berdi.

Aşgabatdaky Täze ýyl arçasy eýýäm dördünji ýyl GDA-da iň beýik diýlip ykrar edildi we ol her ýyl has-da öňkilerden beýgelýär.

Türkmenistanyň esasy Täze ýyl arçasyny bezemek üçin 4 müň oýunjak we 55 müň LED lampa ulanyldy. Baýramçylyk arçasy Sibirden getirilen tebigy arça şahalaryndan gurlupdyr.

Şeýle hem ilkinji onluga Ýerewan (37 m), Daşkent (35 m), Baku (34 m), Bişkek (32 m), Minsk (30 m), Duşanbe (30 m), Moskwa (25 m), Astana (25 m) we Almaty (20 m) şäherlerindäki arçalar girdi.

TurStat portalynyň sanawy GDA agza döwletleriniň ähli paýtagtlarynda esasy Täze ýyl arçalarynyň beýikligini öwrenmek netijelerine esaslanyp düzüldi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Go Viral taslamasynyň çäginde şäher festiwaly geçirildi
"AIW adamy hiç hili kesgitlemeýär". Kesel höküm bolmadyk wagty
Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi
R.Meredow Duşanbede Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Azerbaýjanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşýar