Aşgabatdaky Fransuz instituty Fedçenkonyň ýatdan çykarylan buzlugy filminiň görkezilişine we awtor bilen söhbetdeşlige çagyrýar

Aşgabatdaky Fransuz instituty Fedçenkonyň ýatdan çykarylan buzlugy filminiň görkezilişine we awtor bilen söhbetdeşlige çagyrýar

Aşgabatdaky Fransuz instituty 5-nji oktýabrda sagat 17:00-da geçiriljek Fedçenkonyň ýatdan çykarylan buzlugy filminiň görkezilişine we filmiň awtory Sedrik Gra bilen söhbetdeşlige gatnaşmaga çagyrýar

Fedçenkonyň ýatdan çykarylan buzlugy dokumental filmi 2022-nji ýylda surata düşürildi. Filmiň fransuz dilindäki asyl görnüşi iňlis subtitrleri bilen türkmen tomaşaçylaryna görkeziler. Görkezilişden soň filmiň awtory Sedrik Gra bilen söhbetdeşlik guralar. Söhbetdeşligiň dowamynda Ekspedisiýalar we alpinizm howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmegiň guraly hökmünde atly tema boýunça pikir alşylar.

Ýazyjy Sedrik Gra 2020-nji ýylda Albert Londres baýragyna mynasyp boldy. Ol Fransiýanyň Ylmy-barlag geçirijiler jemgyýetiniň agzasy bolup, şu wagta çenli onlarça eseri: romanlary, gysga hekaýalary we syýahatçylyk ýazgylary neşir edildi. Şeýle hem, ol öz ekspedisiýalary barada surata düşürilen birnäçe dokumental filmiň awtory. Olaryň aglaba bölegi ARTE teleýaýlymy üçin surata alnandyr.

Bu medeni çäre Türkmenistandaky Fransuz instituty tarapyndan BMGÖM hem-de Buig Türkmen kompaniýasynyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 592-nji jaýynda ýerleşýän Carbon Training Centre merkezi bilen bilelikde guralýar.

Filmiň görkezilişine baryp görmek üçin şu salgy arkaly öňünden ýazylyp bilersiňiz:

ift.culture@gmail.com

Dokumental filmiň dowamlylygy 52 minut.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky Fransuz instituty onlaýn-seriala tomaşa etmäge çagyrýar
TRT-nyň 60 ýyllygy geçirilen ýörite dabara bilen bellenilip geçildi
Aşgabatdaky Fransuz institutynda syýahatçy Sedrik Gra bilen duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde kwotalaryň çäginde bilim almak boýunça seminarlar geçirilýär, Fransuz instituty film görkezilişine çagyrýar, Türkmenistan Abu-Dabide geçirilen halkara nebitgaz sergisine gatnaşdy we beýleki habarlar
Makron: Fransuz-türkmen gatnaşyklarynyň oňyn ösüş bizi guwandyrýar
“Concorde” uçary Atlantik ummanyny kesip geçdi