Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan sergi geçirildi

Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan sergi geçirildi

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan Diýarym asuda — ýurdum parahat atly şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi gurnaldy. Sergidäki eserler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň, asudalygynyň, dostanalygynyň ajaýyp waspy bolmak bilen ýylyň şygaryny reňkleriň üsti bilen beýan edýär.

Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň Dutar hakda söhbet, Haky Allaberdiýewiň Halyçylar, Annageldi Kulyýewiň Änew metjidi, Wladimir Bagdasarýanyň Hasyl baýramy, Ata Akyýewiň Türkmenler hakynda aýdym, Stanislaw Babikowyň Aşgabadyň güýzi, Tamara Kiselýowanyň Bägülleriň açylşy, Bagyr üzümçiligi, Ogulgurban Atabalowanyň Sahylyk atly nakgaş eserlerinde ýurdumyzyň gözel tebigaty, türkmen döwletiniň ösüşleri, dost-doganlyk gatnaşyklary, parahatçylyk, ynsanperwerlik süňňünden eriş-argaç bolup geçýän ajaýyp sungatyň üsti bilen Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň waspy ýetirilýär.

Ýene degişli makalalar

“Diýarym asudaýurdum parahat” atly sergi
Nowruz geldi, bu bagtyýar ilime atly baýramçylyk sergisi
Türkmen restawratorlary nakgaşlaryň işlerini dikeltdiler
Ynsan saglygy gymmatly baýlyk
Ynsan saglygy gymmatly baýlyk
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Gennadiý Babikowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama sergisiniň Annotasiýasy.