Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde halkara webinar geçirildi

Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde halkara webinar geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Parahatçylygyň medeniýeti atly halkara webinar geçirildi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň 2-nji dekabrdaky sanynda habar berilýär.

Webinara dünýäniň 15 ýurdundan medeniýet ulgamynyň 40-dan gowrak wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowa, Ukrainanyň Çagalar üçin milli kitaphanasynyň baş müdiri A.Gordiýenko, Ýerewanyň K.Stanislawskiý adyndaky rus drama teatrynyň baş direktory M.Mhitarýan, Belarus döwlet filarmoniýasynyň baş direktory A.Nikita we başgalar çykyş etdiler.

Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bu webinaryň geçirilmeginiň diňe bir halkara medeni gatnaşyklary berkitmekde däl, eýsem, jemgyýetiň medeni ösüşi arkaly parahatçylygy we durnuklylygy gazanmakda aýratyn ähmiýetini bellediler.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, uly ösüşiň, medeniýetiň, şol sanda edebiýatyň we sungatyň dörän ýerinde parahatçylygyň, agzybirligiň, hoşniýetliligiň hem has berkeýändigini adamzadyň köpasyrlyk taryhy subut edýär.

Webinaryň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň esasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde köp sanly taryhy we medeni ýadygärliklerdir senetleri Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça işler güýçlendirilýär.

Türkmenistanyň Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty atly hödürnamasy, şeýle hem ahalteke atlaryny seýislemek, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek ýaly özboluşly sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça dowam edýän işleriň ähmiýeti bellenip geçildi.

Ýene degişli makalalar

Abu Seýit Mäne baba binagärlik ýadygärliginiň peştagynda berkidiş we ylmy öwreniş işleri alnyp barylýar
Taýson 2022-nji ýylyň fewralynda blogçy Logan Pol bilen duşuşar
AŞGABATDA PARAHATÇYLYGYŇ MEDENIÝETI ATLY HALKARA WEBINARY GEÇIRILDI
AŞGABATDA PARAHATÇYLYGYŇ MEDENIÝETI ATLY HALKARA WEBINARY GEÇIRILDI
Türkmenistanda Parahatçylygyň medeniýeti atly halkara webinar geçirildi
Ahal we Mary welaýatlaryndan Prezidentlige dalaşgärler hödürlenildi