Türkmenistanda Parahatçylygyň medeniýeti atly halkara webinar geçirildi

Türkmenistanda Parahatçylygyň medeniýeti atly halkara webinar geçirildi

30-njy noýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Parahatçylygyň medeniýeti atly halkara webinar geçirildi. Oňa dünýäniň 15 ýurdundan 40-dan gowrak medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowa, Ukrainanyň Çagalar üçin milli kitaphanasyň Baş müdiri A.Gordiýenko, Ýerewanyň K.Stanislawskiý adyndaky Rus drama teatryň Baş direktory M.Mhitarýan, Belarus döwlet filarmoniýasynyň Baş direktory A.Nikita we başgalar çykyş etdiler.

Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bu webinaryň geçirilmeginiň diňe bir halkara medeni gatnaşyklary berkitmekde däl-de, eýsem, jemgyýetiň medeni ösüşi arkaly parahatçylygy we durnuklylygy gazanmakda aýratyn ähmiýetini bellediler. Bu babatda çykyş edenler, uly ösüşiň, medeniýetiň, şol sanda edebiýatyň we sungatyň dörän ýerinde parahatçylyga, agzybirlige we hoşniýetlilige has güýçli islegiň bardygyny adamzadyň köpasyrlyk taryhynyň subut edýändigini nygtadylar.

Şeýle hem çäräniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ruhy we ahlak kadalarynyň we gymmatlyklarynyň ösmegine goşant goşýan türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny gorap saklamakda we ösdürmekde edýän hemmetaraplaýyn tagallalary barada gürrüň edildi.

Ýene degişli makalalar

Abu Seýit Mäne baba binagärlik ýadygärliginiň peştagynda berkidiş we ylmy öwreniş işleri alnyp barylýar
Taýson 2022-nji ýylyň fewralynda blogçy Logan Pol bilen duşuşar
AŞGABATDA PARAHATÇYLYGYŇ MEDENIÝETI ATLY HALKARA WEBINARY GEÇIRILDI
AŞGABATDA PARAHATÇYLYGYŇ MEDENIÝETI ATLY HALKARA WEBINARY GEÇIRILDI
Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde halkara webinar geçirildi
Ahal we Mary welaýatlaryndan Prezidentlige dalaşgärler hödürlenildi