Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatda “Central Hospital” adyndaky türk klinikasy ýapyldy. Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi häzirlikçe ýurduň ilaty üçin örän zerur bolan medisina edarasynyň lisenziýasyny (iş ygtyýarnamasyny) uzaltmakdan saklanýar.
TH-nyň çeşmeleri hassahananyň ýapylmagyna (häzirlikçe wagtlaýyn ýapylan hasaplanýar) getirendir öýdülýän sebäp-çaklamalaryň birden birnäçe görnüşini öňe sürýärler.
Bu döwlete degişli bolmadyk merkez hakykatdanam ilat üçin örän zerur.Döwlete degişli hassahanalardan we saglyk öýlerinden tapawutlylykda, bu edarada işlejek işgärler saýlanyp alnanda, ozaly olaryň professionallyk we jogapkärçilik sypatlary ileri tutulýar.
Döwlet edaralarynda bolsa, işgärleri ýa tanyş-bilişlik, para-peşgeş, ýa-da daşky sypat esasynda saýlap alýarlar.Saglyk işgärleri hem, beýleki býujet edaralarynyň işgärleri ýaly, islendik bahana esasynda gurnalýan we soňy görünmeýän köpçülik çärelerine gatnaşmaga borçly.
Bu çärelerde esasan telewizion kartinalary üçin hoşgylaw we ýaş görünýän ýüzler gerek.Elbetde, saglygyny bejertjek ýa barlatjak adamlar professional taýdan has taýýarlykly saglyk işgärlerine görünmek isleýärler.Onsoň adamlar, hut şu hassahana gatnamak netijesinde, “aýaklary bilen ses berdiler”.
Bu Saglygy goraýyş ministrligine ýarajak zat däldi.
Dogry, “Central Hospital” hassahanasy 1996-njy ýyldan bäri işleýärdi we şu geçen döwür içinde onuň iş ygtyýarnamasyny uzaltmakdan bir gezegem boýun gaçyrmandylar, muny bellemek gerek.
Ikinji sebäp-çaklama golaýlaşyp gelýän Aziada bilen baglanyşykly. Hassahananyň binasy sport çäreleriniň geçiriljek we daşary ýurtly spotsmenleriň hem-de myhmanlaryň ýaşajak ýerlerine belli bir derejede golaý aralykda ýerleşýär. Belki-de şäher häkimiýetleri daşary ýurtlylaryň her gün bu hassahana hatar-hatar bolup gelýän näsaglaryň tirkeşigini synlamagyny islän däldirler.
Üçünji sebäp-çaklama Aşgabatda ýakyn wagtda hususy saglyk merkeziniň açyljakdygy bilen bagly. Täze merkez häkimiýet başyndakylar bilen ýakyn gatnaşykda durýan we özüne hiç bir konkurent bolmagyny islemeýän kompaniýa tarapyndan gurulýar we işlediler.
Emma häzir hassahananyň ýolbaşçylary, her neneňsi hem bolsa, ýakyn wagtda döwletden iş ygtyýarnamasyny almak umydy bilen ýaşaýarlar. Hassahananyň işgärleri tölegsiz zähmet dynç alşynda bolup, ilat üçin gündelik zerur bolan bejeriş edarasynyň ykbalynyň basymrak çözülmegine garaşýarlar.
