Aşgabatdaky ozalky türk keselhanasy, “Central Hospital” Milli howpsuzlyk ministrliginiň garamagyna geçirilýär.
“Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, häkimiýetleriň bu karary Aziadanyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly.
Olimpiýa şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän türk keselhanasynyň binasynda ýörite gulluklaryň işgärleri ýerleşdiriler.
Ýatladýarys, “Central Hospital” 2017-nji ýylyň aprel aýynyň başynda ýapyldy. Bu hasshana 1996-njy ýyldan bäri işleýärdi. Onuň 60-a golaý işgäri bardy.
