Aşgabatdaky Villeroy&Boch dükany ýokary hilli gap-gaçlaryň we aşhana enjamlarynyň toplumyny hödürleýär

Aşgabatdaky Villeroy&Boch dükany ýokary hilli gap-gaçlaryň we aşhana enjamlarynyň toplumyny hödürleýär

Paýtagtymyzdaky Berkarar söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän Villeroy&Boch dükany Villeroy&Boch, Garnier-Thiebaut, WMF, KitchenAid, Llardó, Baccarat we Christofle ýaly dünýä belli haryt-nyşanlarynyň ýurdumyzdaky resmi dileri(söwda wekili) bolup, ýokary hilli gap-gaçlaryň we aşhana enjamlarynyň döwrebap hem kaşaň toplumlaryny hödürleýär.

Villeroy & Boch haryt-nyşany 250 ýyldan gowrak taryha eýedir. Kompaniýa 1748-nji ýylda Germaniýada döredildi. Häzirki wagtda bu haryt-nyşanynyň astyndaky önümler dünýäniň 120-den gowrak döwletinde alyjylara ýetirilýär.

Villeroy&Boch haryt-nyşanly önümleriň dükany Aşgabatda 2014-nji ýylyň 26-njy dekabryndan bäri hereket edýär. Bu sene Berkarar söwda-dynç alyş merkeziniň açylyp ulanylmaga berlen günüdir. Söwda-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasynda Villeroy&Boch dükanyna şol wagt ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelip görmegi dükanyň işgärlerini juda begendirdi.

Villeroy&Boch dükanynyň müşderileri bu ýerdäki satyjylaryň tejribesine hem hünärmenlik başarnygyna dolulygyna bil baglap bilerler. Olar ýokary hilli farfor gap-gaçlaryny, aşhana, hrustal we dokma toplumlaryny saýlamakda dükanyň işgärleriniň ýardamyndan peýdalanyp bererler.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

16.03.2018 | “Beýik-Bina” hususy kärhanasy Aşgabatda Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezlerini gurar
Türkmenistanyň Senagatçylar birleşigi $3 milliard dollar möçberinde döwlet kreditini aldy
07.06.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy
Ösüşleri nazarlaýan täze taslamalar
12.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika