Türkmenistanyň Senagatçylar birleşigi $3 milliard dollar möçberinde döwlet kreditini aldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy martda 10 ýyllygy bellenilýän Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň (TSTB) agzalary bilen duşuşdy.

Şunuň bilen baglylykda prezident TSTB-ä Aşgabat şäheriniň Tähran köçesiniň ugrunda 8 gektarlyk ýer bölegini bermek hakyndaky görkezmä gol çekdi.Bu ýer Söwda-dynç alyş we işewür merkezlerini gurmak, şeýle-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny bina etmek arkaly hemişelik ulanylmaga berildi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berdi.

2021-nji ýylyň aprelinde ulanmaga berilmeli desgalaryň binalaryny “Beýik-Bina” hususy kärhanasy gurar.

Şeýle-de TSTB-ä Aşgabat-Türkmenabat awtomagistralyny we Lebapdaky Kaliý toplumyny gurmak üçin kreditler bölünip berildi. $2 milliard 400 million möçberindäki birinji kredit 20 ýyllyk möhlet bilen berildi, ikinjisi $600 million möçberinde, 11 ýyllyk möhlet bilen berildi.

Kreditler Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan döwlet serişdeleriniň hasabyna “Rysgal” aksioner-täjirçilik bankynyň üsti bilen berilýär.

Ýatladýarys, ikinji kaliý kombinatynyň gurluşygy boýunça tender 2017-nji ýylyň aprelinde yglan edildi.

Onuň gurluşygynyň bahasy $1,4 milliard diýip hasaplanýardy. Şonda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko bu tenderiň belarus gurluşyk kompaniýalaryna beriljekdigini habar berdi.

Emma, biraz soňra sentýabrda “Belgorhimprom” kompaniýasynyň bu tenderden boýun gaçyrandygy yglan edildi.

Kompaniýa türkmen häkimiýetleriniň teklip eden şertleri bilen ylalaşmady.

Mundanam başga, prezident “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny hem TSTB-niň ygtyýarlygyna geçirdi.

“Döwlet baştutanynyň bu karary kurortyň aktiw ösüş döwrüniň başlanýandygyny aňladýar” diýip, TDH habar berýär.

Ýene degişli makalalar

“Hemsaýa” kärhanasy täze kakadylan miweleri öndürip başlady
“Türkmen berk-metal” tegmilleri aýryjy serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy
Türkmen telekeçisi “Ak çeşme” haryt nyşanly mesge ýagyny öndürip başlady
Türkmen kärhanalary birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar
“Doganlar ýyldyzy” “Syrdaş” haryt nyşanly desert pastasyny öndürip başlady
18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal