Türkmen telekeçileri Tähranda geçiriljek halkara sergä çagyrylýar

Türkmen telekeçileri Tähranda geçiriljek halkara sergä çagyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasy türkmen telekeçilerini dag-magdan senagatynyň, ýerasty baýlyklaryň we ýol gurluşygynyň 10-njy halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Bu iri çäre 2024-nji ýylyň 23-26 noýabry aralygynda Tähranda geçiriler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň habar bermegine görä, sergi guramaçylary türkmen gatnaşyjylaryna ýörite şertleri, şol sanda dört ýyldyzly myhmanhana üç gije-gündizlik mugt ýerleşmegi, naharlanmagy we şäher içi ulagy hödürleýär. Mundan başga-da, çäräniň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň täze hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny ýola goýup biljek Biznes-forumy hem meýilleşdirilýär.

Gyzyklanýan telekeçiler sergä gatnaşmak üçin TSTB ýüz tutmaly. Goşmaça maglumaty serginiň www.iranconmine.com resmi web sahypasyndan alyp bolar.

Bu çäre senagat we tehnologiýalar ulgamynda türkmen-eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli sergi guralar
“Täze Aý” “Fru Miks” we “Mi-Mi” marmeladlaryny öndürip başlady
“Elin” kompaniýasy ýakynda şokoladly çig gaýmagyň önümçiligini ýola goýdy
Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary bilelikde geçiriljek çäreleriň tertibini ylalaşdylar
Türkmenistanda rumyn uniwersitetiniň şahamçasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar
Daşary ýurtly artistler Aşgabadyň Buzly köşgünde Täze ýyl konsertlerini bererler