Türkmen telekeçileri Eýranda geçiriljek halkara sergä çagyrylýar

Türkmen telekeçileri Eýranda geçiriljek halkara sergä çagyrylýar

Türkmen telekeçileri dag-magdan senagatynyň, ýerasty baýlyklaryň we ýol gurluşygynyň 10-njy halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

2024-nji ýylyň 23 26-njy noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän sergä Türkmenistandan gatnaşjaklar üçin dört ýyldyzly myhmanhanada ýerleşmek, naharlanmak we ulag hyzmatlary mugt üpjün edilýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) şenbe güni habar berdi.

Gatnaşyjylary hasaba almak işi TSTB tarapyndan amala aşyrylýar, giňişleýin maglumat bolsa serginiň resmi web-saýtynda elýeterlidir.

Dag-magdan pudagyny, tebigy baýlyklaryň işlenilişini we ýol gurluşygyny öz içine alýan çäre Eýranyň goňşy ýurt bolan Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary berkitmekde tagalla edýändigini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň gurluşyk toplumy: giň gerimli maýa goýumlary we importyň ornuny tutýan önümçilige tarap ynamly ugur
Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin HHR-iň döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalarynyň 80-den gowragy hasaba alyndy
Türkmen telekeçileri Tähranda geçiriljek halkara sergä çagyrylýar
Aşgabadyň we Mary welaýatynyň golaýynda täze senagat zolaklaryny döretmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanda täze senagat zolaklaryny döretmek meýilleşdirilýär
Türkmen işewürleri üpjünçilik zynjyrlary boýunça Hytaýda geçiriljek iri sergä çagyrylýar