Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin HHR-iň döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalarynyň 80-den gowragy hasaba alyndy

Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin HHR-iň döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalarynyň 80-den gowragy hasaba alyndy

Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy bilelikdäki iri işewürlik maslahatyna hem-de ýöriteleşdirilen sergä taýýarlyk görýärler.Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabat berşi ýaly, Hytaý tarapyndan bu çärelere gatnaşmaga eýýäm 80-den gowrak döwlet edarasy we hususy kompaniýa gyzyklanma bildirdi.

Hytaýly hyzmatdaşlar ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda gazanan öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny görkezerler.Sergide maşyngurluşyk, ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty, gurluşyk, ulag, logistika, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ulgamlaryna degişli bölümler bolar.

Döwrebap tehnologiýalar sanly ulgamlar, internet hyzmatlary we elektron senagaty serginiň aýratyn ugruny emele getirer.Foruma türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) wekilleri gatnaşarlar. Çäräniň maksatnamasyna haryt dolanyşygyny artdyrmagyň we täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň anyk ädimleriniň ara alnyp maslahatlaşyljak ikitaraplaýyn duşuşyklary hem girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabatda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
Aşgabatda III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirilýär
Aşgabatda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezi dörediler
Türkmen-hytaý ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm meseleler maslahatlaşyldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň CGTN teleýaýlymyna beren interwýusy
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri