Aşgabatly okuwçylar spidkubing boýunça geçirilýän ýaryşa çagyrylýar

Aşgabatly okuwçylar spidkubing boýunça geçirilýän ýaryşa çagyrylýar

AkEnMar PR agentligi bilen Galam kanselýariýa harytlarynyň dükany aşgabatly mekdep okuwçylary 24-nji martda Rubigiň kubigini tiz ýygnamak boýunça geçirilýän ýaryşa çagyrýarlar.

Bu bäsleşige 1-nji synpdan başlap, 11-nji synpa çenli ähli mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler. Ýaryş iki kategoriýada — 1-den 5-nji synpa çenli, şeýle-de 6-dan 11-nji synpa çenli okuwçylaryň arasynda geçiriler.

Her toparda üç sany baýrakly orun boýunça ýeňijiler yglan ediler we olara Galam, Bossan Concept dükanlarynyň hem-de Ak Tam Bazary söwda meýdançasynyň hemaýatkärlik etmeginde baýraklar gowşurylar.

Spidkubing boýunça geçirilýän ýaryşa gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylar şu telefon belgä jaň edip habarlaşyp bilerler: +993 65 75-42-11

Pikirlenmegi talap edýän kub görnüşli bu täsin oýun 1974-nji ýylda wengriýaly heýkeltaraş hem-de binagär Ernýo Rubik tarapyndan oýlanyp tapyldy. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda bolsa bu güýmenje oýny uly meşhurlyga eýe bolup başlady.

Rubigiň kubigini düzmek adamyň duýgurlygyny we logiki pikirlenmek başarnygyny terbiýeleýär, esasan-da tiz oňyn netije çykarmak endigini ösdürýär. Islendik bir logiki oýun ýaly, Rubigiň kubigi hem örän ünsli çemeleşmegi talap edýär.

Ýene degişli makalalar

Özbek ÝOJ-larynda okajak türkmenistanly 'köpelýär'
Tatar halkynyň beýik ogly Abdulla Tukaý
Blinken Bilen Gans, Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Baýden Bilen Al Sani Parahatçylyk Teklibi Hakynda Pikir Alyşdy
Üç müň ismiň hatyrna
Millionerler Beýik Britaniýany köpçülikleýin terk edýärler
Angliýada Zähmet partiýasynyň ýeňiş gazanmagyna garaşylýar