Aşgabatly saz muşdaklary ýaşajyk skripkaçy gyz Selin Samsaryň ussatlygyna mynasyp baha berdiler

Magtymguly adyndaky Sazly-drama teartynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýaş sazandalarynyň konserti boldy, ony ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we dostlukly ýurduň diplomatik wekilhanasy gurnadylar.

Aşgabatly saz muşdaklary 13 ýaşly zehinli skripkaçy Selin Samsaryň döredijiligi bilen tanyşdylar. Konserte Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestri, TMK-nyň ýanyndaky Ýörüteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň we türkmen-türk mekdebiniň çagalar horlary gatnaşdylar.

Seliniň skripka çalyp başlanyna o diýen köp wagt geçenok, ol 9 ýaşyna çenli fortepiano çalmagy öwrenýärdi...

-Şeýle gysga wagtda skripka ýaly öte çylşyrymly guralda saz çalmaga ökdelemek seýrek, asla aýratyn üýtgeşik ýagdaý diýse bolar. Selin orkestriň sazandalary bilen çalt dil tapdy. Onuň konsertlere gatnaşyp, tejribe toplandygy göze ilýär- diýip, Ýaşlar kamera orkestriniň ýolbaşçysy Resul Gylyjow gürrüň berýär.

Selin Samsar saz agşamyny Dmitirý Kabalewskiniň “Orkestr we skripka üçin konserti” bilen açdy, onuň ussatlygy tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Konsertde türkmen-türk mekdebiniň we Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörüteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň hor toparlary meşhur türkmen we türk eserlerini ýerine ýetirdiler.

Selin Samsar Ýörüteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň skripkaçylar ansambly bilen bilelikde Esin Enginiň “Saýrak guş” eserini ýerine ýetirdi, diňleýjiler sazandalary sowhunly el çarpmalar bilen mübäreklerdiler.

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr Wolfgang Amadeý Mosartyň “Rondo”, Astor Pýassollanyň “Fantastiki fuga”, Artur Polonskiniň joşgunly “Çardaş”, Aman Agajykowyň “Aýly gaşam” eserlerini we beýelki tanymal nusgawy sazlary ýerine ýetirip, diňleýjileri sazlar ummanyna atardy.

Dostluk konserti özboluşly küştedepdi bilen jemlendi.

Ýene degişli makalalar

Boliwiýanyň DIM-i ýurduň BRIKS-e goşulmagynyň üstünde işlemekçi
Eline Gurbanowa Deliýa oýunlarynda bürün medala mynasyp boldy
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Türkmenistanly ýaşlar ilkinji gezek Delfiýa oýunlaryna gatnaşar
Türkmenistanly ýaşlar Delfiýa oýunlaryna gatnaşar
Hekaýasyny ekranlaşdyrmaga rugsat berdi