Aşgabatlylar Nepangar Jagruti Kala Kendra hindi tans toparynyň döredijiligi bilen tanyşdylar

Paýtagtyň Watan“ kinokonsert merkezinde Nepangar Jagruti Kala Kendra“ halk tans toparynyň konserti boldy, ony Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Medeniýet ministrligi bilen bilelikde Hindistan Respublikasynyň garaşsyzlygynyň 70 ýyllygy we ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnadylar.

Hindistan öz milli tanslary bilen meşhurdyr, olar alymlaryň pikirine görä, 5000 ýyl mundan ozal döräpdir. Tanslar uly täsir galdyrp, görenleriň aňynda uzak wagt saklanýar we gadymy halkyň baý taryhyna, medeniýetine we däp-dessurlaryna uly gyzyklanma döredýär.

Konsert maksatnamasyna Merkezi Hindistanyň halk tanslary girdi. Tansçylar Bhil taýpasynyň reňkler baýramyna bagyşlanan we durmuş şatlygyny beýan edýän tansyny, hindi halk saz gurallarynda ýerine ýetirilen özboluşly şirin mukamlardyr aýdymly beýleki tanslary joşgunly ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar akrobatik tilsimli nusgawy tanslara ýokary baha berdiler.

Urulyp çalynýan saz guraly bolan ikibaşly“ depiň- dholanyň ýekelikde çalynýan owazy bilen ýerine ýetirilen garwi däp tansy, şeýle hem şadyýanlyk tansy aşgabatlylaryň göwnünden turdy.

Toparyň ýolbaşçysy Mukeş Derbar öz ýurdunda meşhur topar barada şeýle gürrüň berýär:

-Biz Madhýa Pradeş ştatynyň Burhanpur şäherinden geldik. Tapti derýsynyň çep kenarynda ýerleşýän şäherimiziň düýbi XIV asyrda tutulypdyr. Toparymyzda artistleriň 15-si bolup, olar gadymy halk tanslarynyň aşygy. Döwür horeografiýa tilsimlerine täze röwüşler salýar, şonuň üçinem görkezen eserlerimiziň käbiri häzirki zaman usulynda beýan edildi.

Biz türkmenistanlylary halkymyzyň sungaty bilen tanyşdyrýanlygymyza buýsanýarys, çünki hindi tanslary ýurdumyz, onuň medeniýeti we däp-dessurlary barada çeperlik bilen nepis gürrüň berýärler. Tans diline terjime gerek däl ahyry.

Soňky ýyllarda medeniýet ulgamynda türkmen-hindi gatnaşyklary barha işjeňleşýär. Döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny we filmleri görkezmek asylly däbe öwrüldi. Hindistan Respublikasynyň alymlary, döredijilik wekilleri Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatlaryna, gözden geçirilişlerine, sergilerine işjeň gatnaşýarlar.

Asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan türkmen we hindi halkalrynyň taryhy, ruhy we medeni gatnaşyklary häzirki döwürde iki ýurduň ylym, bilim, medeniýet, sungat, syýahatçylyk ýaly ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyny giňeltmekde kuwwatly binýat bolup hyzmat edýär.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Kiprde agajy kakan sürüji türkmen migranty agyr ýagdaýda
Nuriddin Niýazow žipowis muşdaklaryny döredijilikde filosofiýa bilen tanyşdyrdy
Türkmen-türk uniwersitetiniň ozalky mugallymy 'gülençilikde' aýyplanyp tutuldy
Ýewropa bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň Türkmenistana sapary
Türkmen energiýa serişdeleriniň Ýewropa bazarlaryna iberilmegi maslahatlaşyldy