Astanada türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi

Şu gün Astanada döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Akorda köşgünde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-gazak gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar.Duşuşykda syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, durnukly ösüş meselelerinde dialogy giňeltmek, durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynda, hususan-da, energetika, ulag, ekologiýa ulgamlarynda birek-biregiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ýaly meselelere aýratyn üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda gazanylan netijelere kanagatlanma bildirip, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak babatda tagallalary işjeňleşdirmegiň, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň işini ilerletmegiň zerurdygyny aýtdy. Şular bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ulag, energetika, oba we suw hojalygy, medeniýet, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem teklipleri beýan etdi.

Giňişleýin düzümdäki türkmen-gazak gepleşikleri tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri
Gazak resmisiniň wiza meselesi boýunça türkmen tarapynyň jogabyna garaşmagy synçylary 'geň galdyrdy'
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa — Italiýa birinji sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa — Italiýa birinji sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Altyn Bürgüt ordeni bilen sylaglanyldy