ASTRAHAN ŞÄHERINDE SUW ULAGY UGRUNDA DÖREÝÄN DÖWREBAP MESELELERIŇ ÇÖZGÜDI ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

ASTRAHAN ŞÄHERINDE SUW ULAGY UGRUNDA DÖREÝÄN DÖWREBAP MESELELERIŇ ÇÖZGÜDI ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 29-njy maýynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda suw ulagy meseleleriniň häzirki zaman çözgütlerine we Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň netijeli durmuşa geçirilmegine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Konsuly Gadam Ilamanow, Astrahan oblastynyň hökümetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Ilýa Wolinskiý, Astrahan oblastynyň Daşary gatnaşyklar ministriniň orunbasary Ilýa Toropitsyn we Hazarýaka döwletleriniň diplomatik missiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda durnukly logistika infrastrukturasynyň emele gelmeginiň esasy baglanyşygy hökmünde çykyş edýän suw ulagynyň ornynyň ähmiýeti baradaky meselelere garaldy.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Konsuly milli infrastrukturany halkara logistika zynjyrlaryna goşmagyň möhümdigini belledi, şeýle hem Türkmenistanda goňşy ýurtlar bilen ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak we Demirgazyk-Günorta ýolunyň möhüm merkezine öwrülýän Türkmenbaşy deňiz porty ýaly esasy merkezleriň kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Çäre halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädimleriň birine öwrüldi we Ýewraziýa giňişliginde täsirli, dowamly we özara peýdaly ulag ulgamyny döretmek baradaky umumy islegi görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda deňiz ulaglary üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli konsert we baýramçylyk çäreleri geçirildi
Türkmen konsuly Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň Astrahandaky ýädygärligine gül goýdy
Türkmen konsuly Astrahan uniwersitetinde duşuşyk geçirdi