Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda deňiz ulaglary üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda deňiz ulaglary üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly Gadam Ilamanow Astrahan sebitiniň General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň (HDDUI) ýolbaşçysy Olga Kartaşowa bilen duşuşdy. Duşuşyga Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň habar bermegine görä, duşuşykda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar ýokary we orta bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem HDDUI-de türkmen talyplarynyň sanyny artdyrmak barada pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirmek barada ylalaşyldy.

Ýene degişli makalalar

ASTRAHAN ŞÄHERINDE SUW ULAGY UGRUNDA DÖREÝÄN DÖWREBAP MESELELERIŇ ÇÖZGÜDI ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
11-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistan bilen Astrahan işewürlik geňeşiniň mejlisini geçirmek meselesini maslahatlaşdy
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň yglan eden bäsleşikleriniň ýeňijileri belli boldy
2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadagly Diýarym bagtyýarlygyň binýady” atly ylmy maslahat we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi