Astrahan ununy öndüriji “AgroEksport” kompaniýasy türkmen bazarynda un üpjünçiligini artdyrar

Astrahan ununy öndüriji “AgroEksport” kompaniýasy türkmen bazarynda un üpjünçiligini artdyrar

“AgroEksport” kompaniýasy Türkmenistana bugdaý ununyň iberilişini günde 400 tonna çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kirill Zaitow sişenbe güni Aşgabatda öz işine başlan “Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara serginiň dowamynda “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, eksport möçberleriniň artmagyna Russiýanyň Astrahan oblastyndaky “Lotos” ýörite ykdysady zolagynda ýerleşýän un üweýji toplumda ikinji önümçilik ugrunyň işe girizilmegi ýardam eder. Täze önümçilik ugry ýakyn üç aýyň dowamynda işe girizmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda kärhana günde takmynan 200 tonna un öndürýär we her aý Türkmenistana 6 müň tonna golaý önüm iberýär.

Kompaniýanyň un üweýji toplumy 2025-nji ýylda işe girizildi we sebitiň döwrebap önümçilik desgalarynyň biri hasaplanýar. Önümçilik meýdançasy awtomatlaşdyrylan ulgamlar, hil gözegçiligi enjamlary we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Kärhanada dänäniň kabul edilmeginden başlap taýýar önümiň gaplanylmagyna çenli köp derejeli gözegçilik ulgamy hereket edýär.

Iberilýän önümleriň görnüşlerine ýokary hilli çörek bişirmek üçin niýetlenen bugdaý uny, şol sanda “Astrahan bugdaý çörek bişirijilik uny” brendi bilen öndürilýän önümler hem girýär.

Ýene degişli makalalar

Lawrow: "Günbatar Russiýa garşy gibrid söweş başlatdy" diýdi
Tennis boýunça Türkmenistanyň kubogynyň eýeleri belli boldy
Kommersant “Rejebiň Ýeri Başga”
Putin, 36 Sagat Möhlet Bilen Hüjümleriň Bes Edilmegi Barada Görkezme Berdi
Russiýa: "Od açmazlyk baradaky ylalaşygyň düzgünini berjaý etmäge dowam ederis" diýdi
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde ýogalanlaryň sany 20 adama ýetdi