Astrahanda Hazar möwsümleri—2023 festiwalynyň çäginde Türkmenistanyň güni bellenildi

Astrahanda Hazar möwsümleri—2023 festiwalynyň çäginde Türkmenistanyň güni bellenildi

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinde Hazar möwsümleri—2023 nusgawy sungat festiwalynyň çäklerinde Türkmenistanyň güni bellenildi.

Türkmenistanyň gününde tanymal türkmen sungat ussatlary Astrahan filarmoniýasynyň sahnasynda çykyş etdiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow, Aýna Seýitgulyýewa, Bahram Dolyýewiň ýolbaşçylygyndaky Aşgabat Kameratasy ansambly we beýleki sungat ussatlary bar.

Konsertiň aýdym-saz maksatnamasyny türkmen kompozitorlarynyň döreden saz eserleri düzdi diýip, Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşirinde habar berildi.

Mundan ozal 28-nji awgustda Hazar möwsümleri festiwalynyň çäginde Türkmenistanyň gününiň belleniljekdigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmen milli konserwatoriýasynda Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Baky saz ýaňlanar...
Leýli Garýagdyýewa VIII halkara sungat bäsleşiginiň üçünji derejeli garmoniýa diplomyna mynasyp boldy
Leýli Garýagdyýewa Sankt-Peterburgda geçirilen Sazçylyk ýaryşy bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy
Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi