Astrahanda Hazarýaka ýurtlaryň birleşen orkestriniň baş edarasy açylar

Astrahanda Hazarýaka ýurtlaryň birleşen orkestriniň baş edarasy açylar

Opera First festiwalynyň çäginde Hazarýaka ýurtlaryň birleşen orkestriniň baş edarasy açylar. Ol Astrahan filarmoniýasynda ýerleşer. Bu barada sebitiň medeniýet we syýahatçylyk ministri Olga Prokofiýewa aýtdy diýip, rus internet neşirleri ýazýarlar. Opera First festiwaly 2-nji sentýabrdan 11-nji sentýabr aralygynda Astrahanda geçiriler.

4-nji sentýabrdan başlap, festiwalyň çäginde bäş döwletiň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Russiýanyň güni we Hazarýaka ýurtlaryň günleri mynasybetli tematiki konsertler geçiriler. Bu festiwal gala konserti bilen tamamlanar. Onda dünýä belli opera ýyldyzlary, Hazarýaka ýurtlaryň bilelikdäki orkestri çykyş eder.

Ozal habar berşimiz ýaly, festiwalyň çäginde Türkmenistan güni atly konsert 7-nji sentýabrdageçiriler. Opera aýdymçysy Darýa Huseýinowa we pianinoçy-sazanda Mämet Guseýinow türkmen kompozitorlary Jeren Gurbangylyjowanyň, Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň, Daňatar Öwezowyň we Röwşan Nepesowyň eserlerini ýerine ýetirerler.

Ýene degişli makalalar

Astrahandaky türkmen konsuly Hazar media forumyna gatnaşar
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
“Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylary çemodanlarynyň açylmagyndan we bagaždaky çilimleriniň ýitmeginden nägile bolýarlar
76-njy “Altyn globus” baýraklarynyň ýeňijileri
Owazasy dünýä dolan “Gün sirki”