Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji dekabrda ýurduň raýatlaryna ýüzlenme bilen çykyş etdi. Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, 2018-nji ýylda ýurduň durmuşynyň dürli ugurlary boýunça uly üstünlikler gazanyldy. “Iň esasysy biz mähriban halkymyzyň abadançylygyny düýpli ýokarlandyrmagy başardyk” diýip, prezident aýtdy.
Prezident 2019-njy ýyldan hasyllylyga we bolçulyga garaşýar, sebäbi Täze ýyl Gündogar müçenamasy boýunça doňuz ýyly. “Ata-babalarymyz: “It ýyly ek, doňuz ýyly or” diýip, bu ýylyň hasylly, bereketli bolýandygyny belläpdirler” diýip, TDH döwlet baştutanynyň aýdan sözlerini getirdi.
2018-nji ýylda Türkmenistanda, prezidentiň sözlerine görä, 1 million tonnadan gowrak guşgursak bugdaý (planlaşdyrylany 1,6 mln), 1 million 100 müň tonnadan gowrak hem “ak altyn” (planlaşdyrylany 1 mln 50 müň tonna) hasyly alyndy.
Prezident sözüniň soňunda türkmenistanlylara goşgy setirleri bilen ýüzlendi:
Durmuş neneň owadan,Diýar neneň nurana!Gel, Täze ýyl, şan beripBu döwletli döwrana!
Göge ýeten arzuwlarMydam ýerde gowuşsyn!Ýyllar düşümli gelsin,Toýlar toýa ulaşsyn!
Belleýäris, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow astrologiýanyň we sanlaryň haýrany bolup durýar. 2019-y doňuz ýylyny ol goňras reňkli penjekde garşy aldy, 2018-i sary it ýylyny sarymtyl penjekde, 2017-ni gyzyl horaz ýylyny gyzyl köýnekde garşy aldy.
Döwlet baştutany bir ýyl öňem ýylyň gowy geljekdigini çaklapdy, sebäbi “astrologiýa alamatlary täze ýylyň abadançylykly ýyl boljagyna umyt baglamaga esas berýär” diýipdi.
Şeýle-de Berdimuhamedow ýedilik sanyny özi üçin iň bagtly san hasaplaýar.Bu san prezidentiň münýän ýaryş awtoulaglarynda, çapýan atlarynda ýygy-ýygydan göze ilýär. 2017-nji ýylda, Türkmen bedewiniň baýramynda Berdimuhamedowa ýedi sany ahal-teke atyny sowgat berdiler.
Prezidentiň uçarlarynyň bort nomerlerinde hem ýedilik san köp görünýär: EZ-777 (Boeing-777) we EZ-007 (Boeing-737).