Türkmenistanyň prezidentiniň uçarlaryny radardan ýaşyrdylar

“Türkmenistanyň Hronikasy” ozal Türkmenistanyň prezidentiniň iki uçarynyň Boeing 737-niň (bort nomeri EZ-A007) we Boeing 777 (EZ-A777) uçarynyň uçuşlaryny flightradar24 saýtynyň kömegi bilen yzarlap bilýärdi.

Emma, bu uçarlaryň uçuşlary baradaky maglumat şu ýylyň noýabryndan soň täzelenmedi. Bu gullugyň wekilleriniň maglumatyna görä, gürrüňi edilýän uçarlaryň gatnawlary baradaky maglumatlar petiklendi. “Adatça beýle iş uçar eýesiniň talaby boýunça edilýär” diýip, flightradar24-den TH-ä gürrüň berdiler.

Ýatladýarys, 2018-nji ýylda prezidentiň uçarlary Germaniýa owalyndan aýdylmaýan-diýilmeýän gatnawlaryň birnäçesini amala aşyrdy. Bu gatnawlaryň maksady barada ýerli metbugatda hiç bir maglumat berilmedi.

Türkmenistanyň uçarlarynyň biri 10-njy iýunda, ýerli wagt bilen sagat 11:50-de Frankfurt aeroportunda gondy. Ol ýerde bir ýarm sagat bolup, uçar yzyna Aşgabada uçdy.

Türkmenistanyň prezidentiniň Boeing 737 uçary 14-nji iýunda ýerli wagt bilen ir sagat 7-de Franfurt aeroportunda gonup, 2,5 sagatndan soňra yzyna uçdy.

Prezidentiň Boeing 737 uçary 26-njy iýunda, bir aýda üçünji gezek Germaniýa uçup, Mýunhende gondy.

Prezidentiň uçary (Boeing 737) 14-nji oktýabrda maýne boýundaky Frankfurta uçup, ol ýere ýerli wagt bilen sagat 17:42-de geldi. Uçar sagat 18:50-de yzyna uçdy.

Boeing -737 17-nji oktýabrda ýene Germaniýa uçdy. Uçar ýerli wagt bilen sagat 7:22-de Frankfurtda gondy we sagat 11-de yzyna uçdy.

Bu günleriň hiç birinde türkmen delegasiýasynyň ýa-da prezidentiň Ýewropa resmi sapary bolmady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistana Boenig-777-300ER täze ýolagçy howa gämisi getirildi
Maýn boýundaky Frankfurt şäherinden Türkmenabada ilkinji ýolagçy gatnawy amala aşyryldy
Türkmenistanyň prezidentiniň uçary Adlerde gondy (üsti ýetirilen)
Prezidentiň uçary London aeroportunda gondy
"Türkmenhowaýollarynyň" ýolagçy uçary Marynyň asmanynda 5 sagat aýlandy we Aşgabada gaýdyp geldi
"Türkmenhowaýollarynyň" ýolagçy uçary Marynyň asmanynda 5 sagat aýlandy we Aşgabada gaýdyp geldi